TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Arkadag şäheri: asylly däbe eýerip

Arkadag şäheri: asylly däbe eýerip

Ata-babalarymyzdan miras galan daşky gurşawa aýawly garamak ýaly milli däplerimiz häzirki günde aýratyn uly ähmiýete eýe bolýar. Her ýyl ýurdumyzda ählihalk bag ekmek çäreleri geçirilip, dürli görnüşli bag nahallarynyň ýüz müňlerçesi ekilýär, ozal ekilenlerine ideg etmek işleri alnyp barylýar. Olaryň ösüp ulalmagy bilen, türkmen topragy bagy-bossanlyga bürenip, jana şypaly arassa howasy bilen halkymyzyň tebigata bolan söýgüsini has-da artdyrýar.

Ýakynda däp bolan bu asylly ýörelgä eýerilip, Arkadag şäherinde Akhan, Aba Annaýew we Kärizek şaýollarynyň ugrundaky sil suw akabalarynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça şäheriň ýaşaýjylarynyň, edara-kärhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň, talyplaryň gatnaşmagynda bag ekmek we ekilen baglara ideg etmek çäresi geçirildi. Bu türkmen jemgyýetinde ýokary ekologik medeniýeti kemala getirmäge uly üns berilýändiginiň mysalydyr.

Ir säher bilen ýygnananlar bag ekmek işlerine guramaçylykly girişdiler. Köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylaryň hatarynda köp sanly ýaşlaryň bardygyny bellemek gerek. Munuň özi ýaş nesilleriň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan çärelere işjeň gatnaşýandyklarynyň nobatdaky beýanydyr. Bu bolsa ýaşlarda zähmetsöýerlik, topraga perzentlik borjuň bilen hyzmat etmek ýaly asylly endikleriň kemala gelmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Zähmet ýaş nesli terbiýelemekde aýratyn orny eýeleýär, köpçülikleýin bag ekmek çäreleri ýaly peýdaly işler bolsa, jemgyýetiň ekologik medeniýetiniň ýokarlanmagyna, şunuň bilen birlikde, daşky gurşawyň goralmagyna ýardam berýär. Netijede, adamyň ömür dowamlylygy uzaýar.

Golaýda — 9-njy noýabrda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsüminde Arkadag şäherinde baglaryň 6000 düýbi ekildi. Bu gezek 6500-den gowrak bag nahallarynyň oturdylmagy öň ekilenleriň üstüni ýetirdi. Bu köpçülikleýin bag ekmek çäresi hem «akylly» şäheriň ekologiýa abadançylygynyň pugtalandyrylmagyna goşant bolar.

2024-11-2035