Naz-nygmatly toý saçagy
Hasyl toýunyň giňden baýram edilen gününde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän hem-de bilim alýan, şeýle hem Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglyklaryny dikeldip, bejergi alýan çagalara bereketli türkmen topragynda ýetişdirilen dürli datly miwelerden, gök önümlerden, ak bugdaýdan taýýarlanylan çörek önümlerinden, süýjüliklerden we beýleki naz-nygmatlardan ybarat bolan sowgatlar dabaraly gowşuryldy. Olar sowgatlary uly şatlyk-şowhun we ak ýürekden çykýan hoşallyk duýgulary bilen kabul etdiler.
Türkmen topragynyň rysgal-berekedinden, zähmetsöýer ekerançylarymyzyň yhlasly zähmetinden ýurdumyzda döredilýän azyk bolçulygynyň nyşany bolan Hasyl toýunyň hormatyna çagalara sahawatly sowgatlaryň berilmegi sogap işleriň naýbaşysydyr. Çagalar hakyndaky alada döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Asylly ýörelgelerden gözbaş alýan jemgyýetçilik ähmiýetli sahawatlylyk işi ata Watanymyzyň ýagty geljegi bolan ýaş nesilleriň ruhy taýdan sagdyn ösmegi, bilim almagy, saglyklaryny berkitmegi, sport bilen meşgullanmagy ugrunda edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydyr.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan howandarlykdan galan çagalaryň, ýetginjekleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler nusgalyk häsiýete eýe bolup durýar. Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we saglyklaryny dikeldýän çagalaryň durmuş taýdan hemmetaraplaýyn goralmagy we yzygiderli goldanylmagy munuň aýdyň beýanydyr.
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän hem-de bilim alýan, şeýle hem Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglyklaryny dikeldip, bejergi alýan çagalar özleri barada edilýän aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykýan hoşallyklaryny aýdym-sazly çykyşlarda beýan etdiler. Olaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda ata Watanymyza bolan belent buýsanç bar.