Döwrebap Tiz kömek merkezi
Arkadag şäheriniň Tiz kömek merkezi ilata ýokary derejeli gaýragoýulmasyz kömek bermek üçin ähli şertler bilen doly üpjün edilen. Bu ýerde işleýän kärine ezber lukmanlar dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar arkaly näsaglara ýokary hilli ilkinji gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegini berýärler.
Tiz kömek merkezi gije-gündiziň dowamynda ilata hadysanyň bolan ýerlerinde, ýol ugurlarynda, öýde tiz we gaýragoýulmasyz kömek bermek üçin niýetlenilip, ol dolandyryş, kabul ediş, maslahat beriş, anyklaýyş we okuw bölümlerinden ybaratdyr. Kabul ediş bölüminde näsaglara ilkinji gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi berilýär hem-de degişli otaglardaky ykjam enjamlaryň üsti bilen olaryň keselleri anyklanylýar.
Merkezde näsaglara niýetlenen gündizki ýatymlaýyn otaglar bolup, olar dürli amatly şertler bilen üpjün edilendir. Şeýle-de ýatymlaýyn otaglaryň ählisinde nobatçy lukmany ýa-da şepagat uýasyny çagyrmak üçin nokatlar hem-de kislorod bilen üpjün edýän merkezleşdirilen ulgam, ýyladyş we sowadyjy tehnikalar hereket edýär.
Çagyryşlar kabul edilenden soň, olary degişli ugurlar boýunça lukmanlara geçirip, gysga wagtyň dowamynda näsaga ýardam bermegi gazanmak merkeziň çagyryş bölüminiň esasy wezipesidir. Ilata edilýän gaýragoýulmasyz tiz lukmançylyk kömeginiň hilini gowulandyrmak bilen Tiz kömek awtoulaglarynda «JPS» (GPS) we radioaragatnaşyk ulgamynyň işiniň ýola goýulmagy merkeziň işiniň dünýä derejesinde guralandygyna şaýatlyk edýär.
Arkadag şäheriniň Tiz kömek merkezinde «123» ulgamyň döredilmegi hadysa barada gelýän maglumatlary seljermek, degişli ulgama habar bermek, gyssagly kömek çärelerini gurnamak babatda örän oňaýlydyr. «123» belgisine ýüz tutan adama ulgam arkaly ruhy goldaw bermek, birikme duýdansyz kesilen halatynda jaň eden adamyň ulanyjy enjamlary bilen baglanyşygy awtomatik dikeltmek, gelýän we gidýän jaňlaryň hemmesini hasaba almak, gelen jaňlar esasynda hasaba alnan hadysalara gözegçilik etmek, olaryň netijesi barada hasabat ýöretmek ýaly mümkinçilikler bar.
«JPS» (GPS) ulgamynyň hem-de ýokary ýygylykly rasiýalaryň kömegi bilen, çagyryşa giden tiz kömek awtoulagynyň haýsy ugur boýunça barýandygyny ýa-da duran salgysyny anyklap, oňa merkeze gelmezden, indiki çagyryşy kabul etmäge mümkinçilik döredildi. Bu bolsa näsaglara gaýragoýulmasyz kömek berlişini çalt depginde amala aşyrmaga uly ýardam berýär. Şeýle-de Tiz kömek merkezine edilen ähli çagyryşlar baradaky maglumatlar kompýuter ulgamynyň gorunda saklanylýar we zerur bolan wagty çagyryşyň senesine garamazdan, gerek maglumatlary anyklap bolýar.
Merkezde ylmy-amaly maslahatlary, seljermeleri, ýygnaklary geçirmek üçin döwrebap aragatnaşyk we beýleki tehniki ulgamlary bilen üpjün edilen kiçi we uly mejlisler zaly bar. Dolandyryş, okuw bölüminde mugallymlar otagy, interaktiw okuw zaly, simulýasiýa otagy ýerleşýär.