TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty — röwşen geljegiň kepili

Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty — röwşen geljegiň kepili

Türkmenistanda ýaşlaryň hukuklarynyň üpjün edilmeginiň we giňeldilmeginiň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşygyny öwrenmegiň wajyp ähmiýete eýedigi barada netijä gelmek bolar. Ýaşlaryň hukuklary adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň bitewi ulgamynyň aýrylmaz düzüm bölegidir.

Ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ykrar edilmegi hem-de üpjün edilmegi üçin adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň amala aşyrylmagynyň kepillendirilmegi düýpli ähmiýete eýedir. Ýaşlaryň hukuklaryny goramak we giňeltmek babatda strategiýalaryň, ileri tutulýan ugurlarynyň emele getirilmegi hem-de durmuşa geçirilmegi arkaly ýaşlar syýasatynyň amala aşyrylmagy döwletiň borjy hökmünde çykyş edýär. Ýaşlar çygrynda döwlet dolandyrylyşy ýaşlar bilen işlemegiň konseptual ugurlaryny işläp taýýarlamagy, ýaş nesil üçin hukuk kepilliklerini, onuň durmuş taýdan erkin ösüşine, döredijilik başlangyçlaryna bolan hukuklaryny üpjün etmek maksady bilen, durmuş-ykdysady, guramaçylyk çäreleriniň bitewi ulgamyny döretmegi öz içine alýar. Şu jähetden ähli derejedäki häkimiýet edaralarynyň işi ýaşlaryň ösüşi üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilýär. Bu şertler ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda milli kanunçylykdan gelip çykýar.

Hukuk döwletini gurmagyň, demokratiýany ösdürmegiň, raýatlaryň bähbidine we gülläp ösüş üçin häzirki zaman hukuk döwletiniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, şahsyýetiň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň zerur şerti ösüp gelýän ýaş nesil hakyndaky aladadan başlanýar. Oňyn dünýä tejribesinde tassyklanylyşy ýaly, netijeli alnyp barylýan ýaşlar baradaky syýasat durmuş ugurly döwleti hem-de bäsleşige ukyply ykdysadyýeti döretmegiň we ösdürmegiň düýpli şertleriniň biri bolup durýar. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýaşlaryň hajatlaryny durmuşa geçirmäge, olaryň häzirki zaman jemgyýete uýgunlaşmagyna gönükdirilen kanunçylyk we ýerine ýetirijilik häsiýetli çäreleri göz öňünde tutýar. Ýaşlaryň bähbitlerini biri-birine garşy goýman, umumydöwlet we jemgyýetçilik bähbitleri bilen sazlaşdyryp bellemek we goramak ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň möhüm wezipesi hasaplanylýar. Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýaşlaryň durmuş taýdan berkarar bolmagy, ösmegi we mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi üçin hukuk, ykdysady, guramaçylyk şertlerini we kepilliklerini döretmäge gönükdirilen döwlet işini emele getirýär. Döwletimiz ýaşlara ýurdy syýasy we ruhy-ahlak taýdan ösdürmegiň serişdesi, onuň medeni-durmuş taýdan rowaçlandyrmagyň çeşmesi hökmünde aýratyn ähmiýetinden, şeýle hem ýaşlaryň bilim almak, hünär edinmek, durmuş ýoluny saýlap almak, maşgala gurmak we özbaşdak durmuşa başlamak ýaly tapgyrlarda ýüze çykýan özboluşly durmuş meseleleriniň ykrar edilmeginden ugur alýar.

2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny netijeli durmuşa geçirmek maksadyny nazarlaýan bu hukuk namasy ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýär, şeýle hem ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginde hem-de olaryň kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeginde döwlet goldawynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Türkmenistanda ýaşlaryň hukuklaryny goldamakda degişli kanunçylyk namalarynyň başga-da köp sanlysy hereket edýär. Olaryň ählisi döwletiň Esasy Kanunyna — Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Raýat kodeksi, Türkmenistanyň Zähmet kodeksi, Türkmenistanyň Maşgala kodeksi, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi, «Bilim hakynda», «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny we beýlekileri gurşap alýar.

2024-11-1326