TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Rysgal-bereketli zamana

Rysgal-bereketli zamana

Geçen ýekşenbede ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Garagum derýasynyň kenarynda tutulan toýa ýurdumyzyň dürli ýerlerinden gelen myhmanlar gatnaşdylar.

Bu toý gününde ýurdumyzda «akylly» şäher hökmünde ykrar edilen Arkadag şäheriniň pawilýonynyň bolmagy bolsa buýsandyryjydyr. Toý lybasyna bürenen meýdançadaky «akylly» şäheriň powilýonynda oba hojalyk pudagynda öndürilen dürli görnüşli önümler görkezildi.

Baýramçylyk dabarasynyň geçirilýän ýerinde toý gazanlary ataryldy. Ene-mamalarymyzdan miras galan el hünärleriniň gelin-gyzlarymyz tarapyndan tahýa gaýamak, keşde çekmek, haly dokamak, keçe güllemek ýaly işleri görkezildi. Şeýle hem medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdymlar, ussat heýkeltaraşlaryň, suratkeşleriň Diýarymyzyň ekerançylarynyň zähmetine, Watanymyza bagyşlanan eserleriniň sergisi ruhy lezzet paýlady.

* * *

Hasyl toýy Arkadag şäherinde hem uly ruhubelentlige beslendi. Taryhy-medeni seýilgähiň golaýynda guralan baýramçylyk dabarasyna şäheriň ýolbaşçy düzümi, il sylagly ýaşulular, eneler, edara-kärhanalaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat ussatlary, oba hojalyk ulgamynyň işgärleri agzybirlikde gatnaşdylar.

Dabarada Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazlar joşgunlylygy bilen tapawutlandy. Bu ajaýyp baýramçylykda oba hojalyk pudagynda ýetişdirilýän bakja we miwe önümleri, olardan taýýarlanylýan nygmatlar hem-de milli mirasymyzyň gymmatlygyna öwrülen birnäçe hojalyk gurallary, ýerli hususyýetçilerimiziň ýetişdiren gök önümleri sergilendi.

Tutuşlygy bilen milliligimize beslenen bu baýramçylyk gününde gadymy döwürlerde degirmen daşy bilen bugdaýy üwäp, ondan un alnyşyny görkezýän görnüşler hem-de dabara gatnaşyjylaryň milli lybasda toý döwresine ýaraşyk bermegi göwünleri galkyndyrdy. Geljegimiz bolan bagtyýar çagajyklaryň ýerine ýetiren goşgudyr aýdymlary baýramçylyk çäresine özboluşly sowgat boldy.

Şeýle-de dabara gatnaşyjylar Arkadag şäherindäki Taryhy-medeni seýilgähe gezelenç etdiler.

2024-11-1352