TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Halkara kinofestiwaly: sungatlaryň dabaralanmasy

Halkara kinofestiwaly: sungatlaryň dabaralanmasy

Düýn paýtagtymyz Aşgabatda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň gatnaşmagynda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň açylyşy boldy. Oňa Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan hem-de Tywa Respublikalarynyň kinorežissýorlary, kinematografiýaçylary, kinoaktýorlary we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Eýýäm 12-nji noýabrda paýtagtymyz Aşgabada gelen myhmanlar türkmen topragynda halkymyza mahsus myhmansöýerlik bilen mähirli garşylandy.

13-nji noýabrda günüň birinji ýarymynda sungat ussatlarynyň sapary gadymy Änew galasyna we Seýit Jemaleddin ýadygärliklerine baryp görmekleri bilen başlamagynyň özi aýratyn mana eýe boldy. Soňra paýtagtymyzyň gözel künjeklerine guralan gezelenç hem myhmanlara ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady. Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen festiwalyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň halkara kinofestiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy bolsa uly ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Şeýle-de festiwalda ýurdumyzyň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň taryhy we häzirki döwürde ýeten derejesi barada taýýarlanylan wideofilmiň görkezilmegi çäräniň döredijilik ruhuny has-da belende göterdi. Ýeri gelende bellesek, dabaraly çärä Türkmenistanyň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň «Domrul», «Istärin», «Kompozitor», «Uly baýragyň gymmaty», «Gyzyl alma», «Ynsan syrdaşy» atly filmleriniň döredijilik toparlary hem gatnaşýarlar.

Dowam edýän bu sungat baýramynda meýilnama laýyklykda Türki döwletleriň kinematografiýa ulgamynyň ýolbaşçylarynyň maslahaty, daşary ýurtly kinematografiýaçylaryň we artistleriň gatnaşmagynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda talyplar üçin ussatlyk sapaklary geçiriler. Sapaklar türkmen medeniýetiniň we sungatynyň dünýä ýaýylmagy ugrunda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmak maksady bilen, ykbalyny şu ugra baglan talyp ýaşlar üçin taryhy waka bolar. Şeýle-de myhmanlaryň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gezelençleri guralar. Ynsanyň uçar ganaty, köňül guşy saýylýan behişdi bedewlerimiziň, halylarymyzyň kino sungatynda aýratyn ornunyň bardygyny bellemek gerek. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda bolsa myhmanlar mukaddes türkmen topragynda keramat saýylýan söze, söz ussatlaryna goýulýan çäksiz hormat, sylag-sarpa bilen ýüzbe-ýüz bolarlar. Ýörite düzülen maksatnama esasynda «Türkmenistan» we «Watan» kinokonsert merkezlerinde hem-de «Aşgabat» kinoteatrynda festiwala gatnaşyjy döwletleriň görkezjek filmleriniň aglabasy akyldar şahyryň ömri we döredijiligine bagyşlanandyr. Aşgabadyň kinoteatrlarynda we kinokonsert merkezlerinde festiwala gatnaşýan ýurtlaryň sungat ussatlarynyň görkezjek çeper, dokumental filmleri hem-de multfilmleri sungat muşdaklaryna ajaýyp sowgat bolar.

2024-11-1356