Şäher infrastrukturasy we ekologiýa strategiýasy
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky döwlet syýasaty ekologiýanyň taglymat esaslaryny, onuň esasy kanunlaryny, ýörite kadalary öwrenmek arkaly tehnogeneziň, jemgyýetiň we daşky gurşawyň özara baglanyşygynyň çylşyrymly meselelerini, tebigaty oýlanyşykly peýdalanmagy, daşky gurşawyň aýratynlyklaryny kadalaşdyrmagy, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň usullaryny we beýleki aýratynlyklary öz içine alýar. Bu döwlet ekologiýa strategiýasy şähergurluşyk işine-de giňden ornaşdyrylan.
Ekologiýa strategiýasy — bu häzirki zaman düşünjesinde «uzak möhleti öz içine alýan umumy, çylşyrymly meýilnamalaşdyrylan maksada ýetmegiň usullary we ýollary» diýmegi aňladýar. Ol ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň üsti bilen sebitiň ekoulgamyny tehnogen täsirlerden goramak babatda oňaýly çözgütleri ulanmaga gönükdirilen çäreleriň toplumy. Görnüşi ýaly, «tebigat», «ilat» we «hojalyk» «Ekologiýa strategiýasynyň» esasy üç daýanç düşünjeleri bolup durýar.
«Şäher infrastrukturasy» (latynça «infra» we «structura» — «gurluşyň içinde», «ýerleşýän ýerinde» diýmegi aňladýar), ýagny şäher düýpdüzümi — ol ilatynyň sany we meşgullanýan kärleri boýunça aýratyn derejesi bolan, geografik, ykdysady, taryhy we medeni taýdan aýratyn ähmiýetli ilatly nokadyň, dolandyryş birliginiň has işjeň ösmegine getirýän durmuş, ýol-ulag, maliýe, inžener aragatnaşyk we beýleki ulgamlaryň jemi.
Häzirki wagtda «durnukly ösüş» dünýäniň ähli ösen ýurtlarynda diýen ýaly sebitleýin we milli derejede durmuş-ykdysady syýasatyň strategik maksadyna öwrüldi. «Durnukly ösüş» adalgasy ilkinji gezek 1987-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw we ösüş boýunça Bütindünýä toparynyň «Umumy geljegimiz» atly çykyşynda beýan edilýär. Netijede, daşky gurşawy goramak sazlaşykly we deňagramly ösüşiň esasy elementi hasaplanýar.
Dünýäde «akylly» şäher konsepsiýasyny has işjeň durmuşa geçirýän şäherleriň hatarynda Nýu-Ýork, Tokio, Seul, Singapur, Şanhaý, Şençžen, Amsterdam, Barselona, Berlin, London, San-Paulu, Dubaý ýaly şäherleri görkezmek bolar.
Ähli düýpdüzüm desgalarynyň netijeli işlemegini üpjün etmek adamyň we tutuş jemgyýetiň ýaşaýyş-durmuşy üçin şertleriň gowulaşmagyna getirýär. Bu bolsa şäheriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem onuň maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam edýär. Ýagny ýokary bilimli hünärmenleriň zerurlygynyň artmagy we maýa goýum serişdeleriniň çekilmegi ykdysady ösüşi höweslendirmäge mümkinçilik berýär. Netijede, ýokarda görkezilen işler şäheriň geljekki ösüşini üpjün etmek üçin amatly şertleriň döremegine goşant goşar.
Halkymyzyň bähbidi üçin ýurdumyzda alnyp barylýan şeýle mazmunly beýik işleriň baş maksady ekologiýa strategiýasynyň «tebigat», «ilat» we «hojalyk» bolup durýan esasy üç sany daýanç düşünjeler bilen «akylly» şäheriň «adam», «ösüş» we «tehnologiýa» ýaly esasy üç daýanç düşünjeleriniň özara berk sazlaşygyny gazanmakdyr.
Biziň ýurdumyzda hem Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda «Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» amala aşyrylýar. Ata-babalarymyzyň şöhrata beslän mukaddes taryhy topragynda Arkadag şäheriniň bina edilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Bu şäheriň 2023-nji ýylyň iýun aýynda dabaraly açylmagy Garaşsyzlygyň sene ýazgysyna täze sahypa bolup girdi.
Umuman, «akylly» şäher ýaly innowasion taslamalar olaryň gurluşygynda ulanylýan iň täze tehnologiýalaryny, ýurduň maliýe-ykdysady, aň-bilim, ylmy-tehniki kuwwatynyň uly mümkinçiliklerini görkezýär. Döwletimizde hem şeýle taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň täze belentlikleri nazarlaýandygyna we dünýäniň iň täze gazananlaryny giňden ornaşdyrýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.