Baş baýlygyň goragynda
Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda üstünlikli işler durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäginde onkologiýa keselleriň öňüni almakda, ýokanç däl keseller boýunça «Türkmenistanda Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň» kabul edilmegi we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda Onkologiýa merkeziniň gurulmagy, olaryň dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Arkadag şäheriniň Onkologiýa merkezinde howply we howply däl täze döremeleriň öňüni almak, olary irki döwürde anyklamak we gözegçilikde saklamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Howply täze döremeleriň (HTD) gelip çykyşyny öwrenmek, olary bejermek, öňüni alyş çärelerini anyklamak häzirki zaman lukmançylygynda iň bir wajyp meseleleriň biridir. Esasan hem, keseliň öňüni alyş çärelerini bilmekligiň zerurlygyny nygtamak möhüm bolup durýandyr.
Çiş kesellerinde bedeniň käbir agzalarynda ýa-da dokumalarynda täze öýjükler saklap bolmaýan derejede köpelýär, ösýär. Agzada çiş emele gelip, onuň ýerine ýetirýän işini bozýar. Wagtyň geçmegi bilen ulalyp, ol töweregindäki agzalary hem gysyp, olaryň işini hem bozup biler. Şonuň ýaly ýagdaý, esasan, howply däl çişlerde ýüze çykýar. Olar öz wagtynda ýüze çykarylyp, hirurgik usul bilen aýrylanda bedeniň işine uly bir zyýan ýetirmeýär.
Ýöne käbir ýagdaýlarda öýjükler gaty çalt köpelip, olaryň görnüşleri adaty, sagdyn öýjüklerden düýpgöter tapawutlanýar. «Howply çişler» diýip atlandyrylýan bu öýjükler bir ýerde ösüp köpelmän, ýanyndaky agzalara, hatda limfa arkaly bütin bedene ýaýraýar. Ýaýran ýerinde hem bölünip, täze çişleriň döremegine sebäp bolýar.
Howply çişleriň öýjükleriniň çalt ösüp köpelmegi üçin köp mukdarda iýmitlendiriji maddalar gerek bolýar. Olar bu maddany başga agzalardan alyp, bütin bedeniň iýmitlenmesini ýaramazlaşdyrýar. Üstesine-de, öýjükler köp zäher bölüp çykaryp, bedeni zäherleýär. Näsag horlanýar, tapdan düşýär, işdäsi kesilýär, güýçli agyrylardan ejir çekýär. Şol sebäpli-de, «Wagyz-nesihat işini kämilleşdirmek hakyndaky» Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň 2023-nji ýylyň iýul aýynda tassyklanan resminamasy esasynda Onkologiýa merkeziniň onkolog lukmanlary ýokanç däl keselleriň hataryna girýän howply we howply däl täze döremeleriň öňüni almak, olary irki döwürde anyklamak we degişli bolan bejerginiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar.
Milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde ägirt uly hyzmatlary bitirýän lukman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!