TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Akylly» şäherde depginli ösüş

«Akylly» şäherde depginli ösüş

11-nji ýanwarda ir säher bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän hem-de durky täzelenýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Gökdepe şaýolunyň ugrunda üstaşyr geçýän, durky täzelenýän köp zolakly köpriniň şekil taslamalary, desganyň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň, köpriniň sütünleriniň görnüşleri bilen tanyşdy. Bu ýerde ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegini özünde jemleýän şertleriň döredilmelidigini belläp, birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiziň täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň, durky täzelenýän, gurulmagy teklip edilýän durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanan şekil taslamalary hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşlygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän we teklip edilýän önümçilik toplumlarynyň, beýleki desgalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň, söwda we işewürlik merkeziniň, lukmançylyk klasteriniň edara binasynyň, sanjym önümleriniň önümçilik desgasynyň, çeper halyçylyk kärhanasynyň, Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýiniň şekil taslamalary, gurulmagy teklip edilýän täze medeni-dynç alyş merkezi üçin niýetlenen ýer böleginiň çyzgylary bar. Milli Liderimiz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryndaky täze binalaryň we desgalaryň gurluşygyna häzirki zamanyň şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplaryna laýyk derejede çemeleşilmelidigini belledi. Şunda milli binagärlik ýörelgeleri bilen döwrüň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr, ýerli tebigy aýratynlyklar göz öňünde tutulmalydyr. Guruljak medeni-dynç alyş merkeziniň çäginden geçjek ýap suwunyň ýeri kesgitlenende bolsa, örän oýlanyşykly we jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Bu merkeziň çäginiň özboluşlylygy, onuň bezeg aýratynlygy ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyza laýyk bolmaly, türkmen myhmansöýerliginden ugur alyp, bu ýerde milli tagamlarymyz, datlydan-datly nygmatlarymyz hödür-kerem edilmeli. Bu ýere geljek myhmanlarda halkymyzyň täsin gymmatlyklary uly täsir galdyrmaly diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Seýilgähiň çäklerinde türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen we dünýäde uly şöhrata eýe bolan bedewleriň şekilleriniň oturdylmagynyň ähmiýetli boljakdygyny belledi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde iş maslahatyny geçirdi. Oňa Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygyna gatnaşýan ýerli hususy gurluşyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar. Iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we häkim G.Mämmedowa alnyp barylýan degişli işler boýunça hasabat berdiler. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna gatnaşýan «Garagum», «Saýaly menzil», «Dost gurluşyk, söwda, önümçilik», «Ýedi ýer», «Ajaýyp gurluşyk» hojalyk jemgyýetleriniň, «Mukaddes gün», «Aktab», «Berk teker» hususy kärhanalarynyň ýolbaşçylary bolsa alyp barýan işleri barada aýtdylar. Aýratyn-da, hormatly Prezidentimiziň Arkadag medisina klasteriniň birinji tapgyryny gurmak hakynda we Arkadag şäherinde degişli inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň taslamalaryny düzmek, çeper halyçylyk kärhanasynyň, Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýiniň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada gol çeken resminamalaryna laýyklykda, degişli toplumlaryň gurluşygy ynanylan ýerli kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi.

Iş maslahatyny jemländen soň, Milli Liderimiz Arkadag şäherine gelip gowşan, onuň jemagat hojalygy gullugynyň zerurlyklaryna niýetlenen täze tehnikalar, olaryň aýratynlyklary hem-de mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Milli Liderimiz hormatly Prezidentimiziň satyn alyp beren ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň netijeli ulanylmalydygyny, olary öz işine ussat, kämil hünärmenleriň dolandyrmalydygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Olaryň netijeli peýdalanylmagy şäherde arassaçylyk işlerini ýokary derejede ýola goýmaga mümkinçilik berer.

2025-01-1580