Beýik işler bilen badalga
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 10-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiz möhüm Kararlara gol çekdi. Taryhy resminamalaryň tassyklanan gününiň yzysüre bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän «akylly» şähere nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda iri gurluşyk taslamasyna gatnaşýan hojalyk jemgyýetleriniň, hususy kärhanalaryň ýolbaşçylary hem öz hasabatlary bilen çykyş etdiler. Ata Watanymyzyň bedew batly ösüşine şahsy goşantlaryny goşýan ýerli işewürler döwrebap şertlerde zähmet çekmäge, ýaşamaga, öz işiňi ösdürmäge açylan giň mümkinçiliklere buýsanyp, öz alkyşly sözlerini şeýle beýan edýärler:
Gylyç HALLYÝEW,
«Garagum» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory:
— Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly tekliplerinden ugur alnyp, ekologiýa taýdan arassa, ýokary hil görkezijilerine doly laýyk gelýän ýerli çig mal binýady bolan lukmançylyk klasteri döwrebap merkez bolar. «Garagum» hojalyk jemgyýetimize öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň biri bilen bilelikde saglygy goraýyş ulgamynda taslamany durmuşa geçirmäge ynam bildirildi. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän bu taslama diňe bir Türkmenistan döwletimizde däl, eýsem, sebitde hem ilkinji sanjym önümlerini öndürýän iri kärhana bolar. Döwletimiz tarapyndan bildirilen şeýle beýik ynam üçin hojalyk jemgyýetimiziň ähli agzybir işgärleriniň adyndan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlarymyzy we alkyşlarymyzy aýdýarys.
Bahtyýar JUMABAÝEW,
«Berk teker» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy:
— Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşyk taslamasy boýunça «Arkadag medisina klasterinde 10/35/10kW Elektrik bekediniň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak» işiniň kärhanamyza ynanylmagy bizi diýseň buýsandyrdy. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Milli Liderimiziň Arkadag şäherinde geçiren iş maslahatynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalarynda kesgitlenen önümçilik toplumlarynyň we durmuş maksatly binalaryň gurluşygyny ýokary derejede ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada gyzyklanyp, gymmatly maslahatlaryny bermegi bize uly ruhubelentlik bilen işlemäge höwes döretdi. Biz — işewürlere uly gurluşyklary ynanyp, täzeçil usullarda işlemäge ruhlandyrýan Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.
Seýitnur AZYZOW,
«Ýedi ýer» hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy:
— Hojalyk jemgyýetimiz, esasan, 12 gata çenli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk-gurnama, turba geçirijileri gurmak, daş-töweregi abadanlaşdyrmak işleri, awtomagistrallaryň, köprüleriň we geçelgeleriň gurluşygy, elektrik geçiriji ugurlary gurmak we çekmek, elektroenergetika ulgamynda abzallaryň gurnama we bug gazany gözegçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy boýunça işlerini ýerine ýetirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň buýurmasy esasynda işlerimizi ýokary depginde alyp barýarys. Biz hem Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň bildirýän uly ynamyny ödemek üçin jan aýaman zähmet çekjekdigimize ynandyrasym gelýär.
Döwletgeldi MOMMADOW,
«Aktab» hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy:
— Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde möhüm Kararlara gol çekdi. Bu taryhy resminamalar Arkadag şäheriniň ösüşleriniň rowaç menzillere tarap ynamly öňe barýandygyny ýene-de bir gezek dünýä äşgär etdi. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän şeýle iri möçberli gurluşyk taslamalaryna ýerli işewürleriň hem işjeň gatnaşmagy, bu işde döwlet tarapyndan bize uly ynam bildirilmegi ata Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar.Eziz Watanymyzy we halkymyzy ak ýollar bilen ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!