Ýyllary ýalkymly ýurt
Her ýyl öz ady, öz bady bilen gelýär. Şygary şygyrdan ugur alýar. Ol kämil şygyr Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli paýhasyndan döräp, ýylyň ady bolup ýazylýar. 2025-nji ýyla «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýilmegi parasatly paýhasdan gözbaş alýar. Onsoň şygara öwrülen sözler ulus-illeriň, alys illeriň dilleriniň senasy bolup ýaňlanýar.
Parahatçylyk, ynanyşmak adamzadyň aňyndaky iň mukaddes duýgy-düşünjelerdir. Köňlündäki göterip ýören ýyly sözleridir. Bular hakda söz açylsa, olary Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň, ynanyşmagyň Watany» atly goşgusyndan başga beýan etmegi göz öňüne getirmek mümkin däldir. Bu ynsanperwer garaýyşlar owaz bolup äleme ýaň salýar. «...belent maksat tutany...» diýlip, Türkmenistanyň hoşniýetli başlangyçlary öňe sürülýär, biziň ýurdumyzyň parahatçylygyň, ynanyşmagyň Watanydygy öwran-öwran buýsanç bilen nygtalýar.
Bu neneňsi bagt! Adamzada ýetdirmeýän bahasyz baýlyk ahyry. Häzirki wagtda dünýäniň çylşyrymly döwründe munuň gadyry büs-bütinleý başgaça. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Ýer ýüzünde Bitarap döwletimizi parahatçylygyň, ynanyşmagyň Watany diýip jar etmegi milletimiziň mertebesini, asuda durmuşyny arşa göterdigidir.
Parahatlyk — rahatlyk.
Ynanyşmak — hoşniýetliligiň sütüni.
Gahryman Arkadagymyzyň paýhasynyň çygyr-çägi dünýä deý giň. «Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!», «Ýurdumda adamzada beýik geljek görünýär». Milli Liderimiz bitewi durmuş filosofiýasyny adamzat aladasyna gönükdirýär. Dünýäde sözi parahatçylyk senasy bolup ýaňlanýan Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary adamzat hem-de onuň abadan geljegi üçindir. Goşguda «Adamzadyň hakyna belent maksat tutany — GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN — BÜTIN DÜNÝÄNIŇ HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK WATANY!» diýip, ýene-de adamzat üçin Watanymyzyň parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgeleriniň hemişe ileri tutulýan mekanydygy nygtalýar.
Ýylyň adyndan mälim bolşy ýaly, şu ýyl hem biziň ýurdumyzda adamzadyň bähbidine gönükdiriljek tutumly işler durmuşa geçiriler.
Ýyllar ýyllardan görkli. Her ýylymyz indi tutumly toýly ýyl. Ýubileý seneler ýyllara ýaraşyk. Dünýäniň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň yzysüre Halkara Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň ýetip gelmegi unudylmaz beýik sazlaşygy döredýär. Täze ýyly hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitaby bilen garşy almagymyz söz ussadynyň öňe süren parahatçylykly pikir-ideýalarynyň hem syýasy giňişlikde hemişe ähmiýetiniň ýokary boljakdygyny görkezdi.
* * *
Ýyla at dakylmagy toýlanjak toýlara, wakalara aýratyn bir äheň-ähmiýet berýär. Şol nukdaýnazardan ugur alnyp, her bir başyna barylýan işler düýpli durmuşa geçirilýär. Wakalara çuňňur çemeleşilýär. Magtymgulynyň poeziýasynyň näderejede öwrenilendigini özüňiz bilýäňiz.
Şu ýyl hem şeýle ýyllaryň biri bolar. Dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ilkinji ykrar edilen Bitarap ýurdumyzyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesiniň dabaralanjak ýyly bolar. Halkara hyzmatdaşlykda, netijeli gatnaşyklarda, içeri we daşary syýasatda Türkmenistanyň nusgalyk döwletdigi ýylymyzyň nyşany ýaly lowurdap, jümle-jahana nuruny saçar.
Geçen ýyl Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna saýlanylmagy, BMG tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» hem-de «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap Watanymyzyň halkara giňişlikde, dünýä jemgyýetçiliginde abraýynyň belentdiginiň, möhüm orun eýeleýändiginiň doly tassyknamasydyr.
Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda «Parahatçylyk we ynanyşmak» şygarynyň «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygarynyň pikir dowamydygyny belleýär. Köki bir-birinden üzňe bolmadyk şygarlardan ugur alnyp, sebitde we dünýäde ägirt uly işleriň durmuşa geçirilip, dost-doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalandyrylýar. «Parahatçylyk we ynanyşmak» şygary halkara derejesine göterilip, 2025-nji ýyl şöhratlandyryldy.
Hormatly Prezidentimiziň ýylyň başyndaky Permany bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça döredilen guramaçylyk döwlet topary hem toýlarymyzyň tutumynyň uludandygyny äşgär edýär. Şunlukda, Halkara Bitaraplygymyzyň ýubileý senesi hiç ýatdan çykmajak şanly waka bolup taryha ýazylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirip, dürli ugurdaky işleri anyk kesgitläp bermegi her bir jogapkärli işe ak pata boldy.
Ýylymyz eýýämden beýik işler bilen badalga alýar. Ýakynda döwlet Baştutanymyzyň Arkadag şäherini ösdürmek bilen bagly gol çeken degişli Kararlary bolsa şu ýylyň wakalaryna şan berdi. Ykballynyň ugran işi oň görner.
Halkara Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy ýurt parahatçylygynyň, asuda durmuşyň, gülläp ösüşiniň baýramydyr. Muňa her birimiziň mynasyp goşandymyzy goşmak bolsa mukaddes borjumyzdyr. Ata-babalarymyzyň arzuwyna çuňňur-çäksiz hormat-sarpamyzdyr.
Guwanç MÄMIÝEW.
«Arkadag» gazetiniň baş redaktory.