Parahatçylyk — dillerde sena
Düýn Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça Arkadag şäherinde giňden ýaýbaňlandyrylan işler, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy we ýylyň nyşanynyň kabul edilmegi mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa şäheriň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, ýaşuly nesliň wekilleri, «akylly» şäherde zähmet çekýän işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyplar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzda täze ýylyň şygarynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy, şeýle hem onuň nyşanynyň kabul edilmegi taryhy ähmiýetli wakalardyr. Munuň özi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň, halkymyzyň we umumadamzadyň ýagty geljegini nazarlaýan halkara başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan bina edilen Arkadag şäheri we onuň agzybir ýaşaýjylarydyr işgärleri ýurdumyzyň syýasy, jemgyýetçilik, medeni durmuşyna işjeň gatnaşýar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk şäheriň edara-kärhanalarynda, jemgyýetçilik guramalarynda, ilat arasynda yzygiderli çäreleriň, wagyz-nesihat duşuşyklarynyň geçirilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Bu gezekki duşuşygyň dowamynda Milli Liderimiziň ýiti zehininden dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynyň halkymyzyň, ata Watanymyza bolan buýsanç, söýgi duýgularyny has-da artdyrandygy aýratyn bellenildi. Täze ýylyň şygarynyň hut şu ajaýyp eseriň esasynda öňe sürülmegi onuň çäksiz gadyr-gymmatynyň nyşanydyr.
Türkmenistan dünýäde parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty halkara derejede ykrara eýe bolýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçiriljek dabaralaryň eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen utgaşmagy halkymyzyň şeýle asylly ýörelgelerini has-da dabaralandyrar. Bular dogrusynda wagyz-nesihat duşuşygyndaky çykyşlarda buýsanç bilen bellenildi.
Duşuşykda Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakda, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde, halkymyzyň ýagty, nurana geljegini berkarar etmekde asyrlara nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri belentden ýaňlandy.