TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Şu gün — Arkadag şäherinde VI Wena baly!

Şu gün — Arkadag şäherinde VI Wena baly!

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowam etdirmeginde tans sungatynyň görnüşi bolan Wena baly ýurdumyzda birnäçe ýyllar bäri yzygider geçirilip gelinýär. Sungatyň bu görnüşi, ýagny Wena baly ýurdumyzda ilkinji gezek Aşgabat şäherinde 2011-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda geçirildi.

Wena baly — Ýewropanyň medeni merkezi bolan Wenada yzygiderli amala aşyrylýan çäre. Wena gadymyýetden bäri «bal tansynyň paýtagty» diýen derejäni özünde saklap gelýär. Her ýyl bal möwsüminde Wenada 300 sany bal amala aşyrylýar. Wena baly dürli hünärdäki adamlaryň gatnaşmagynda başlanyp has uly, ýagny döwlet we medeni guramalaryň geçirmegindäki ballar bilen (Wena filarmoniýasynyň baly, Opera baly) jemlenýär.

XIX asyryň birinji ýarymynda, karnawal möwsüminde Wenada her agşam 250-ä golaý bal agşamlary geçirilipdir. Oňa aristokratlardan başlap, ýönekeý adamlara çenli gatnaşypdyrlar. XIX asyryň ahyrynda tutuş imperiýa boýunça köşk baly esasy wakalaryň biri bolýar. Oňa diňe ýokary derejeli, tanymal adamlar çagyrylypdyr. Häzirki zaman opera baly 1935-nji ýylda Döwlet operasynda kansler Kurta Şuşnigiň başlangyjy bilen geçirilipdir.

Opera baly dabaraly polonez tansy bilen açylýar. Ol balyň başynda ýerine ýetirilmek bilen, baýramçylygyň şowhunyny artdyrýar. Opera balyna 200 sany jübüt gatnaşýar. Polonez sazynyň açylyşy bilen başlanýan balyň dowamynda tansçylar şadyýan polka sazynda tansy dowam edýärler we wals tansy bilen jemleýärler.

Bu tansa gatnaşýan ýaşlary, esasan, iki sany talap boýunça kabul edipdirler. Ol walsy ussatlyk bilen sag we çep taraplaýyn öwrümde ýerine ýetirmek bolupdyr. Bu bal tansynda talap örän güýçli bolup, tans edýänlere bellenen eşikleri geýmäge ygtyýar berilýär. Wals tansy başlanmanka, ýaş jübütler özleriniň ussatlyklaryny ähli adamlar üçin bir gezek görkezýärler. Onda walsy çep taraplaýyn öwrüm boýunça ýerine ýetirýärler. Ýaş jübütlerden soňra hemmeler tans edýärler. Wena balynda P.I.Çaýkowskiý, I.Ştraus, F.Şopen, E.Grig ýaly tanymal kompozitorlaryň sazlary ýaňlanýar.

Wals tansyna meňzeş aýlawly ýerine ýetirilýän tanslar dürli halklarda gadymyýetden bäri bolupdyr. «Wals» sözi nemesleriň «weller», «walsen» sözünden bolup, ol «aýlanmak», «aýlandyrmak» ýaly manylary berýär. Fransuzlarda bular ýaly tans — wolta, polýaklarda — kuýawýak, nemeslerde — haýal dleser, awstriýalylarda bolsa — lendler diýip atlandyrylypdyr. Köplenç wals tansynyň köki — lendler diýip aýdylýar. Sebäbi diňe şonuň bilen dünýä belli Wena baly döreýär. Wena baly özüniň meşhurlygyny asla ýitirmeýär. Gaýtam onuň tersine Tokio, Rim, Nýu-Ýork, Dubaý, Stambul, Bangkok, Moskwa ýaly şäherlerde opera baly geçirilip barha şüwlümi artýar.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Ýewropa tans sungatynyň ýaýramagy üçin döwletimizde Wena balyny geçirmeklik boýunça ýaýbaňlanan işler indi uly üstünlikler bilen dowam edýär. 2023-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda V Wena baly Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilipdi. Şu gün bolsa «akylly» şäheriň «Arkadag Binasynyň» meýdançasynda açyk asmanda VI Wena baly geçirilýär. Bu medeni çäre dost-doganlyk gatnaşyklarynda ajaýyp waka bolar.

2024-10-0999