TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Pederleriň ýoly — mekdep

Pederleriň ýoly — mekdep

Milli Liderimiziň yhlasyndan bina bolan «akylly» şäherde Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde okamaga, döredijilik bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredilen. Bu orta hünär okuw mekdebinde beýik ynsan, bilim işgärleriniň halypasy Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligi ebedileşdirildi we muzeý döredildi.

Muzeý hormatly Prezidentimiziň nesil daragty, mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň manyly ömri we XX asyryň 30 — 40-njy ýyllaryndaky ýurdumyzda ylym-bilim işiniň alnyp barlyşy bilen tanyş bolmaga mümkinçilik berýär. Muzeý jemi 4 bölümden ybarat bolup, olarda Berdimuhamet Annaýewiň bütin ömür ýoluny gürrüň berýän taryhy maglumatlary, şol döwri suratlandyrýan muzeý gymmatlyklaryny we ilhalar ynsanyň türkmen halky üçin bitiren işleriniň dowamat-dowam bolýandygyny görkezýän wideo görnüşlerini görmek bolýar. Watan gymmatyna, onuň asudalygyna berilýän baha hemişe uly bolupdyr. Ussat mugallym Berdimuhamet Annaýew hem Watany ösdürmek, onuň geljegi bolan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek babatda nusgalyk ýoly döreden ynsan. Munuň şeýledigine şaýatlyk edýän, Berdimuhamet mugallymyň Beýik Watançylyk urşunyň gazaply ýyllarynda Watany goramakda bitiren hyzmatlaryny we ýaş nesle bilim bermekde eden tagallalaryny görkezýän gymmatlyklar bu muzeýe aýratyn ýaraşyk berýär. Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza beren gymmatly eserleri, hormatly Prezidentimiziň atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň zähmet ýoluny beýan edýän taryhy maglumatlar hem-de türkmen halkynyň geçmişde bilim we sowat bermek işlerine degişli fotosuratlary ýerleşdirilendir. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň atasy, içeri işler edaralarynyň zähmet weterany Mälikguly aganyň bitiren nusgalyk işlerini beýan edýän birnäçe eksponatlar bar.

Mälikguly Berdimuhamedowyň ilkinji zähmet ýoluny mugallymçylyk kärinden başlandygy hemmämize mälimdir. Mälikguly aganyň kakasy Berdimuhamet mugallymyň hem dürli ýyllarda ýaş nesle terbiýe bermekde, sowat öwretmekde irginsiz zähmet çekip nusgalyk ýol döredendigini Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserlerinden hem okamak bolýar.

Mugallyma goýulýan hormat — geljege goýulýan hormat. Ussatlaryň nusgalyk ýoluna eýerip, geljekde mugallym bolup, ýaş nesle terbiýe bermekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli asylly işleri rowaç bolsun!

2025-01-2264