TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmenistan — Monako: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ilerledilý...

Türkmenistan — Monako: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ilerledilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz:
― Bu sapar Ýewropa ýurtlary, şol sanda Monako Knýazlygy bilen gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam eder hem-de Türkmenistanyň we Monakonyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny açar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Monako Knýazlygyna sapary boldy. Saparyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşyk geçirdi, şeýle-de saparyň çäklerinde «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy. Milli Liderimiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda amala aşyran bu sapary Türkmenistan bilen Monakonyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen bolan duşuşygynda işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi we Milli Liderimiziň Monako saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, iri daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýurdumyzyň daşary ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Gahryman Arkadagymyz fransuz kompaniýasynyň ýurdumyzda durmuşa geçirýän işlerine ýokary baha berip, Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy. Halk Maslahatynyň Başlygy öňdebaryjy binagärlik, inženerçilik-tehniki pikiriň, milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleriniň sazlaşdyrylmagynyň, bu işlere döredijilikli çemeleşilmeginiň, innowasion tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagynyň, ekologik howpsuzlyk kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm ugrudygyny, şunda bina edilýän desgalaryň ýokary hil derejesiniň, olaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagynyň üýtgewsiz talap bolup durýandygyny nygtady.

20-nji ýanwarda Milli Liderimiz Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşyk geçirdi. Milli Liderimiziň awtoulag kerweni Monakonyň Şazadasynyň köşgüne bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi garşylamak dabarasy boldy. Soňra Gahryman Arkadagymyz bilen Şazada Alber II-niň ikiçäk duşuşygy geçirildi.

Soňra duşuşyk iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II Monakonyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýulmagyna 10 ýyl dolýandygyny aýdyp, onuň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek, iki halkyň bähbidine anyk işler bilen onuň üstüni ýetirmek üçin gowy sebäp bolup durýandygyny nygtady. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyna ünsi çekip, ýurdumyz tarapyndan bu döwürde dünýä syýasatynda parahatçylyk ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna, dartgynlylygy peseltmek üçin şertleri döretmäge, möhüm meseleleri çözmekde jogapkärli hem-de netijeli çemeleşmelere geçmäge gönükdirilen birnäçe wekilçilikli halkara forumlaryň geçiriljekdigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Şazada Alber II-ni Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma gatnaşmak üçin Aşgabada çagyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Monakonyň «ýaşyl başlangyjy» durmuşa geçirip, Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň ýolbaşçylygyndaky gaznanyň suw gurşawynda ummanlary we biodürlüligi goramak ugrunda köp işleri durmuşa geçirýändigini nygtady hem-de Türkmenistanyň bütin dünýäde howanyň ýagdaýy boýunça gün tertibiniň şu we beýleki ugurlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmäge taýýardygyny tassyklady. Hyzmatdaşlygyň ýene bir ugry medeni-ynsanperwer ulgam bolup biler diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi hem-de Şazada zenan Greýsiň gaznasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň uly geljeginiň bardygyny belledi. Söwda-ykdysady ulgam barada, hususy telekeçilikde, syýahatçylyk, maliýe babatda uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy hem-de hyzmatdaşlyk we iş gatnaşyklary üçin usullary döretmek mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Hyzmatdaşlygyň möhüm böleginiň biri hem älem giňişligidir. 10 ýyl mundan ozal Monako Knýazlygy «TürkmenÄlem520E» türkmen emeli hemrasynyň kosmosa çykmagy üçin uçjak ugruny beripdi. Gahryman Arkadagymyz häzirki wagtda Türkmenistanyň ikinji emeli hemrany döretmegiň üstünde işleýändigini aýtdy we ony älem giňişligine çykarmaga taýýarlamakda bilelikde işlemek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi. Medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem uly üns berilýändigini aýdyp, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary şu günler Monte-Karloda dowam edýän halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşýandygyny aýtdy. Monako Knýazlygynyň 2025-nji ýylda «Dünýäniň sport paýtagty» diýen hormatly ada eýe bolandygyny nygtady hem-de bu möhüm ugurdaky tagallalary birleşdirmek üçin ýurtlarymyzda bar bolan mümkinçilikleri we tejribäni sporty ösdürmek babatda ulanmagy teklip etdi. Şazada Alber II çuň manyly çykyşy hem-de öňe süren teklipleri üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan edip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Ol ýurtlarymyzyň arasynda gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi hem-de öz ýurdunyň ony täze ugurlar boýunça ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soňra, sowgatlary alyşmak dabarasy boldy. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň täze tapgyryna özboluşly badalga bermek bilen, birek-biregiň medeni mirasyna, däp-dessurlaryna gyzyklanma bildirmegiň hem-de özara hormat goýmagyň nyşanyna öwrüldi. Bu dabara beýleki ugurlar bilen bir hatarda, medeni gatnaşyklaryň hem giňeldilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini görkezdi. Soňra Gahryman Arkadagymyz we Şazada Alber II resmi wekiliýetleriň agzalary bilen tanyşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monakonyň Şazadasynyň köşgüniň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Günüň ikinji ýarymynda Gahryman Arkadagymyz Monakonyň Okeanografiýa muzeýine baryp gördi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli garşylanyldy we ilki bilen, Okeanografiýa muzeýiniň taryhy, Monako Knýazlygynyň ozalky Şazadasy Alber I-niň okeanografiýa boýunça geçiren taryhy we ylmy işleri bilen tanyşdyryldy. Monakonyň Okeanografiýa muzeýi 1910-njy ýylda Şazada Alber I tarapyndan döredildi we ol dünýäniň öňdebaryjy okeanografiýa hem biologiýa ugurly muzeýleriniň biri bolup durýar. Muzeý Ortaýer deňziniň kenaryndaky kert gaýada, 85 metr belentlikde ýerleşýär. Onuň içinde dürli ýöriteleşdirilen bölümler bar. Ummanlaryň ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek hem-de goramak bu muzeýiň esasy maksadydyr. Tanyşlykdan soňra Gahryman Arkadagymyz muzeýiň ýolbaşçylaryna işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden Nissa şäheriniň Halkara howa menziline ugrady. Bu ýerde Milli Liderimiz Monte-Karlodaky halkara sirk sungaty festiwalynda çykyş eden «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy. Hormatly Arkadagymyzyň Monakoda saparda bolýan günlerinde at üstündäki oýunlar topary halkara sirk festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Milli Liderimiz Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalyna «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagynyň türkmen halkyny diýseň buýsandyrýandygyny, behişdi bedewlerimiziň ençeme asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ýakyn syrdaşy bolmak bilen, ýurdumyzyň ösüşleriniň beýanyna öwrülendigini aýtdy. «Galkynyş» toparynyň agzalaryny täze ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda gazanan uly üstünligi, beýik ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

2025-01-22261