«Watan goragy — mukaddes borç»
Düýn şeýle at bilen Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli sergi guraldy. Muzeý gaznasyndan guralan sergide milliligimiziň nusgasy bolan şaý-seplerimiz, suratlar, nakgaş eserleri, heýkeller, küýzeler, şeýle hem muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar görkezildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda her ýylyň 27-nji ýanwarynda ýurdumyzda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni watansöýüjiligiň, mertligiň we gaýduwsyzlygyň mertebelenýän baýramy hökmünde giňden dabaralanýar. Bu şanly sene mynasybetli Diýarymyzyň ähli ýerinde döwlet derejesinde guralýan baýramçylyk çäreleri, dabaraly maslahatlar, döredijilik duşuşyklardyr sergiler özboluşly mazmuna eýe bolýar. «Akylly» şäherde guralan bu sergä Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Arkadag şäher boýunça müdirliginiň, Gümrükhanasynyň we Adalat müdirliginiň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda zähmet çekýän harby gullukçylary gatnaşdylar.