Dünýäniň akyldary — parahatçylygyň waspçysy
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyndan:
— Ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy arkaly 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň özeninde hem Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer pikir-garaýyşlarynyň bardygyny bellemek isleýärin. Çünki öz şygyrlarynda adamzat gymmatlyklaryny, ähli döwürler üçin derwaýys bolan agzybirlik ýörelgelerini öňe süren Magtymguly Pyragy parahatçylygyň hakyky waspçysydyr. Söz ussadynyň goşgularynyň özenini düzýän ynsanperwer ideýalar bu gün Birleşen Milletler Guramasynyň bütin dünýäde parahatçylygy berkarar etmek baradaky esasy maksatlaryna laýyk gelýär.
* * *
Magtymguly Pyragynyň sözi türkmeniň sözi, türkmeniň paýhasy bolup dünýäde dabaralanýar. Daşary ýurtly edebiýatçylaryň bellemeklerine görä, türkmen akyldarynyň paýhasly pentleri häzirki döwrüň çylşyrymly meselelerinden asudalyk, parahatçylyk bilen baş alyp çykmagyň ýollaryny salgy berýär.
Geçen ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda taryhy özgertmeler durmuşa geçirildi, türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy halkara derejede giňden toýlandy. 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bolsa şeýle taryhy özgertmeleriň, beýik sepgitleriň, halkymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyga, birek-birege ynanyşmaga, jebislige ýugrulan umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň özboluşly dowamy boldy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň çapdan çykmagy halkymyza bahasyz sowgat boldy. Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitaby «Magtymgula düşünmegiň açary», «Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary», «Pähim-paýhas ummany», «Parahatçylygyň şahyry», «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry», «Halk ýadyndan aýrylma», «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar» we «Hakyň hem hakykatyň ýolunda» atly bölümlerden ybarat bolup, ol ýokary çaphana usulynda türkmen, rus we iňlis dilleriniň hersinde aýratyn kitap görnüşinde giň halk köpçüligine ýetirildi.
Gahryman Arkadagymyz: «Akyldar şahyrymyzyň öňe süren taglymatlary, öwüt-ündewleri we ýörelgeleri her bir türkmeniň kalbyna we aňyna baky ornaşdy» diýip belleýär. Magtymguly Pyragynyň şeýle umumadamzat gymmatlygyna öwrülen pelsepe-parasaty, pikir-garaýyşlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanmak bilen, dünýä döwletleri hem-de halkara guramalar bilen ähmiýetli gatnaşyklarynda parahatçylygy üpjün etmek boýunça bimöçber tagallalary edýär. Eziz Diýarymyz Bitaraplygyň halkara hukugyň, diplomatiýanyň, parahatçylyk dörediji dialogyň hem-de öňüni alyş diplomatiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň netijeli guraly bolup biljekdigini bütin dünýä aýan edýär. Şu nukdaýnazardan hem türkmen halkynyň ykbalyny öňünden gören Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerlik, adalatlylyk, parahatçylyk, hoşniýetlilik baradaky arzuwlarydyr gymmatly ündewleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň esaslaryny düzýär.