Halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmegiň örän möhüm döwri
«Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmegiň örän möhüm döwri hökmünde garaýar».
* * *
«Ynsanperwer meseleleriň çözülmeginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem uly ähmiýete eýe bolýandygy aýratyn möhümdir. Şol sebäpli Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu gaznanyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly dürli ýurtlarda mätäçlik çekýän adamlara giň möçberli ynsanperwerlik goldawyny bermek işleri dowam etdiriler».
Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň konsepsiýasyndan.
Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň binýadyny pugtalandyrmakda, syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamakda halkara giňişlikdäki işjeň ornuny barha berkidýär. Häzirki döwürde öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýän Bitarap ýurdumyz sebitiň we dünýäniň parahatçylyk dörediji merkezi hökmünde ykrar edildi.
Ylalaşdyryjy merkez bolup çykyş edýän ýurdumyz sebitde we dünýäde parahatçylygy berkitmekde giň gerimli işleri alyp barýar. Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmegiň örän möhüm döwri hökmünde garaýar. Munuň üçin ýurdumyz ynsanperwer ugurly düzümler bolan ÝUNESKO, ÝUNISEF, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasy we beýleki guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ýollaryny işjeňleşdirip, hususan-da, bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek, eneligi we çagalygy goldamak, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, olaryň ylymda, döredijilikde, sportda öz mümkinçiliklerini ulanyp bilmekleri üçin şertleri döretmek ýaly ugurlarda netijeliligini ýokarlandyrmagy maksat edinýär.
Ynsanperwerlik wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejede hem uly ähmiýete eýedir. BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisinde gaznanyň alyp barýan ynsanperwer işlerine uly üns berilmegi bu düzümiň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha belende galýandygyny görkezýär. Gazna Gahryman Arkadagymyzyň parasatlylyk, ynsanperwerlik başlangyçlarynyň esasynda döredilip, ondan bäri geçen sanlyja ýylyň içinde juda kän işler ýerine ýetirildi. Türkiýe, Ukraina, Owganystan, Russiýa, Palestina we beýleki ýurtlaryň kömege mätäç çagalaryna haýyr-sahawat kömeginiň iberilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Geçen ýyl Täjigistanyň Hatlon welaýatynda ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň bina eden mekdebiniň okuwçylaryna gaznanyň hasabyna kompýuterleriň sowgat berilmegi, medisina klasteriniň öndürýän çaga iýmitleriniň Owganystana iberilmegi bu babatda buýsandyryjy ädimlerdir. Gaznanyň ýardamy bilen, her ýylda paýtagtymyzdaky Halkara saglyk merkezlerinde, Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dürli kesellerden ejir çekýän çagalaryň ençemesine ýerli we daşary ýurtly lukmanlaryň gatnaşmagynda hirurgiýa bejeriş işleri üstünlikli ýerine ýetirilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan durmuşa geçirilýän şeýle işler dünýä nusga bolýar. 2023-nji ýylyň 16-njy iýunynda «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly haýyr-sahawat işleri hakda söz açýan kitabyň türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilmegi, onuň okyjylar, iri guramalardyr merkezler tarapyndan gyzgyn kabul edilmegi muňa aýdyň mysaldyr.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkyna mahsus, asyrlar aşyp gelýän ynsanperwerlik, haýyr-yhsanlylyk ýörelgeleri has-da rowaçlanar. Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy berk binýatlaýyn kuwwatlylygy we asylly başlangyçlary özünde jemleýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Milli Liderimiziň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bolsa mynasyp dowam etdirýän, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda durmuşa geçirilmegi dünýä ýüzünde has-da uly goldawa eýe bolar. Mälim bolşy ýaly, döredilen ilkinji günlerinden häzirki wagta çenli Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan durmuşa geçirilen we dowam etdirilýän işler ýüzlerçe çaganyň we maşgalanyň ykbalyny özgertdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň parasatly, döredijilikli we ynsanperwer daşary syýasaty döwletimiziň dünýä giňişligindäki ornuny ýokarlandyrmaga we pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň öňe sürýän häzirki zamanyň derwaýys wezipelerine mynasyp jogap berýän halkara başlangyçlarynyň we teklipleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň dünýä we sebit syýasatyndaky ähmiýetli ornuny has-da berkidýär we mazmun taýdan baýlaşdyrýar. Ýurdumyzyň ösüş ýolundaky batly gadamlary, barha artýan halkara abraýy ugrunda döwlet Baştutanymyzyň we Milli Liderimiziň parahatçylyk döredijilik, ynsanperwer ýörelgeleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly sepgitler we beýik ýeňişler bilen şöhratlanjakdygynyň aýdyň beýanydyr.