TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ösüşler nurana geljegiň bähbidine

Ösüşler nurana geljegiň bähbidine

Ýurdumyzda ähli gazanylýan ösüşleriň, ýetilýän belent sepgitleriň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bolmagy örän buýsandyryjydyr. Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwletli wezipeleriň üstünde durlup geçilmegi ýetiljek belent sepgitleriň aýdyň güwäsidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlyklyk edýän guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli öňde duran wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekden, halkymyzyň parahatçylyk, ynanyşmak, ynsanperwerlik ýörelgelerini wagyz etmekden, dünýä ýaýmakdan ybarat wezipelere aýratyn ähmiýet berildi. Gahryman Arkadagymyzyň bu mejlisde Türkmenistanyň halkara bileleşigiň jogapkärli agzasy bolmak bilen, parahatçylyk söýüji, oňyn daşary syýasaty alyp barýandygyny, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini bellemegi muny dolulygyna tassyklaýar. Bu bolsa dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi goldamakda hem-de berkitmekde ýurdumyzyň halkara derejesinde uly at-abraýa eýedigini äşgär edýär.

Mälim bolşy ýaly, bu ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu baýramçylyk dabaralaryny we halkara çärelerini ýokary derejede geçirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan geçiriljek çäreler bilen bagly ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek, ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini giňden ýola goýmak möhümdigini belleýän Gahryman Arkadagymyz ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýyny has-da belende götermekde özüniň gymmatly maslahatlaryny, öwüt-ündewlerini berýär. Mejlisde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalynyň we ýadygärlik nyşanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işleriň geçirilmelidigi barada bellenilmegi hem biziň her birimiziň göwün guşumyzy ganatlandyran waka boldy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda medeni-köpçülikleýin, baýramçylyk çäreleri, teatr sahnalary ýokary derejede guralar, şanly senä bagyşlanan maslahatlarda medeniýet bilen bagly ähli meselelere içgin öwreniler, çäreleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýokary derejede beýan edilmegi üpjün ediler. Bu barada mejlisiň dowamynda aýratyn bellenilmegi anyk wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Bulardan başga-da, döwlet toparynyň mejlisinde halkara çäreleriň dowamynda sanitariýa we arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegi, ugurdaş çäreleri guramaçylykly, many-mazmun taýdan ýokary derejede geçirmek, çärelere gatnaşjak myhmanlary ýörite howa gatnawlary bilen getirmek, alyp gitmek, garşy almak we ugratmak, merdana halkymyzyň asylly däp-dessurlaryny, myhmansöýerligini, eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösýändigini we ynamly öňe barýandygyny bütin dünýä aýdyň görkezmek, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge goşant goşmak ýaly möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy bu ýylda ýurdumyzyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesiniň dünýäde dabaralanjakdygyny äşgär edýär.

2025-01-22279