«Bir toý tutuň, älem galsyn haýrana!»
2025-nji ýyl özgertmeler, ösüş-özgerişlikler bilen başlandy. Hormatly Prezidentimiz bu ýylyň şygaryny «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi hem-de şanly senede Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçiljekdigini, munuň bilen baglylykda ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini, olary ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň döredilendigini nygtady. Şeýle-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen baglanyşykly çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini belläp, bu topara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçylyk etmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň ilkinji maslahatyny Gahryman Arkadagymyz 9-njy ýanwarda ýokary derejede geçirmek bilen, onda bu babatda amal edilmeli tutumly işleriň esasy ugurlaryny kesgitläp, oňa gatnaşan her bir ýolbaşçynyň öňünde anyk wezipeleri goýdy. Şunuň bilen baglanyşykly hem 13-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Serdaryň dünýä uzan ak ýoly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Şol dabaranyň yzysüre, 14-nji ýanwarda Milli Liderimiziň hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik bolup, onda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda amala aşyrylmaly tutumly işler barada giňişleýin gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda ýylyň dowamyndaky işleriň we ileri tutulýan ugurlaryň Konsepsiýasynyň taýýarlanandygyny aýdyp, onda beýan edilen täze başlangyçlary BMG-niň Baş sekretarynyň dykgatyna ýetirdi. Milletler Birleşiginiň ýolbaşçysy hemişelik Bitarap Türkmenistanyň amal edýän işlerine iňňän ýokary baha bermek bilen, onuň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryny özüniň ýolbaşçylyk edýän halkara guramasynyň ikelläp goldaýandygyny aýtdy. Söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyz Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki çärelere gatnaşmaga Antoniu Guterrişi çagyrdy. Abraýly guramanyň ýolbaşçysy öz ýolbaşçylyk edýän guramasynyň wekilleriniň ol çärelere işjeň gatnaşjakdyklaryny tassyklady. Munuň özi BMG-niň strategik hyzmatdaş hökmünde biziň Bitarap döwletimize uly ynam bildirýändiginiň ýene-de bir subutnamasy boldy.
Bu babatda aýratyn ähmiýetli waka, ýaňy-ýakynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dabaraly açylyşy boldy. Oňa BMG-niň düzümleriniň ýokary wezipeli işgärleri we Türkmenistanyň wekilleri gatnaşdylar. BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi Miroslaw Ýençanyň, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasarynyň, siwilizasiýalar bileleşigi boýunça Ýokary wekiliniň, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň Başlygynyň çykyş edip, biziň Bitarap döwletimiziň işlerine ýokary baha bermekleri buýsandyryjy ýagdaýdyr. Çäräniň dowamynda Goşulyşmazlyk Hereketiniň adyndan Ugandanyň, «77 toparynyň» adyndan Yragyň, Arap toparynyň adyndan Müsüriň, BMG-niň Tertipnamasyny goramak üçin dostlar toparynyň adyndan Wenesuelanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparynyň ýerine ýetiriji sekretarynyň we beýleki wekiliýetleriň çykyşlarynda hem bu babatda gowy pikirler beýan edildi. Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda öňe sürlen wezipeleriň ýerine ýetirilmegi bilen bagly garaýyşlaryny aýan edip, onda beýan edilen «Ýol kartasyny» goldaýandyklaryny aýtdylar hem-de parahatçylygy üpjün etmegiň esasy şerti hökmünde ynanyşykly döwletara dialogy pugtalandyrmak maksady bilen, bu resminamany bilelikde amala aşyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi, «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly», «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi aýratyn bellenildi. Bu çäreler ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi gazanmak ugrunda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň ýene-de bir tassyknamasy boldy diýsek, hakykatdan daş düşmeris.
Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, bütin halkymyzy şeýle belent abraý-mertebe bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly üstünlik, bagtyýarlyk getirsin, bütin dünýäde halkymyzyň parahatçylyk hem ynanyşmak ýörelgesi dabaralansyn.