TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ýerde ýörän, gökde uçan tagtym sen!

Ýerde ýörän, gökde uçan tagtym sen!

Älem-jahany haýrana goýan meşhur Akhanyň 2018-nji ýylda çarpaýa galyp, 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçmek bilen görkezen netijesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi hem-de degişli şahadatnama berildi. Munuň özi türkmen atçylyk sungatynda gazanylan ajaýyp ýeňiş boldy.

2018-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi mynasybetli Hazar deňziniň kenarynda geçen owadan dabaralaryň barşynda awtomobil ýaryşynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda taryhyň altyn sahypalaryna giren ýene-de bir ajaýyp waka boldy.

Milli Liderimize hem-de dabara gatnaşyjylaryň ählisine Akhan diýen bedewiň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi hakyndaky şahadatnama görkezildi. Onda atyň üýtgeşik ukyby resmi taýdan bellige alyndy — oňa iki aýagynyň üstünde çarpaýa galyp, 10 metr aralygy bary-ýogy 4,19 sekuntda geçmek başartdy. Ol şondan ozalky iň oňat netijäni gowulandyryp, täsin görnüşde täze rekord goýdy. Şeýlelikde, ol 2016-njy ýylda görkezilen öňki netijäni iki esse gowulandyrdy.

Bu rekordyň doly kanunalaýyklygyna eminlerden, ýagny öz döwründe ozalky gazanylan üstünligi bellige alan bütin dünýä meşhur neşiriň wekillerinden başga-da, Awazadaky baýramçylyga gatnaşan köp sanly tomaşaçylar göz ýetirip bildiler. Akhan duýgurlyk bilen hem-de mynasyp derejede tomaşaçylara baş egip, ýeňillik bilen yzky iki aýagynyň üstüne galdy hem-de şonuň ýaly dik ýagdaýynda belli bir aralygy ýöräp geçdi.

Mälim bolşy ýaly, Akhanyň howandary Gahryman Arkadagymyzyň hut özüdir. Alym Arkadagymyz başarjaň we tejribeli çapyksuwardyr, bu ugurda halypadyr, atçylyk sungatynyň janköýeri we oňa uly sarpa goýujydyr. Bu rekord milli atçylygyň ajaýyp däplerini täzeden dikeltmek we nesilden-nesle geçirmek boýunça yhlasly işleriň guwandyryjy netijesini dünýä äşgär etdi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň bütindünýä sirk festiwallarynda yzly-yzyna gazanýan ajaýyp ýeňişleri hem munuň subutnamasydyr. Olaryň çykyşlarynda behişdi bedewleriň owadan haýbatly katdy-kamaty hem-de ajaýyp başarnygy aýdyň ýüze çykýar. Bu bolsa seýisleriň yhlasly tagallalarynyň miwesidir.

* * *

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary ilkinji üstünligini 2013-nji ýylda geçirilen «Idol» atly bütindünýä sirk sungatynyň festiwalynda gazandy, şonda toparyň ussat çapyksuwarlary festiwalyň ýeňijileri bolup, uly seslenme döretdiler. Şol üstünlik uly waka öwrüldi hem-de beýleki sirk festiwallaryna ýol açdy. «Galkynyşy» dünýä ýüzi tanap ugrady. Şondan bäri hem şeýle bäsleşiklerde her bir çykyş olara üstünlik getirip, ýörişli ýollary baýraklar bilen beslenýär.

Türkmen atşynaslary bilen gürrüňdeşlikde, Gahryman Arkadagymyzyň başga ýurtlarda guralýan festiwallara atlary amatly şertlerde alyp gitmek üçin ýörite uçar, şeýle hem beýleki ýeňillikleri döredýändigine daşary ýurtly raýatlar haýran galýarlar. Bularyň ählisi biz üçin geň zatlar däldir. Türkmenleriň müňýyllyklar taryhy ahalteke bedewleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Atlaryň bu täsin tohumynyň ösdürilmeginiň özi halkymyzyň ýokary atşynaslyk ussatlygyna şaýatlyk edýär, sebäbi ähli tagallalary, zehini, kalbyňy berip, tebigat bilen bilelikde şeýle gudraty kemala getirmek mümkindir.

Milli Liderimiziň behişdi bedewlere nähili sarpa goýýandygy hemmelere mälimdir. Gahryman Arkadagymyz olara birnäçe kitabyny bagyşlady. Şol kitaplar dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, giň okyjylar köpçüliginiň ýankitabyna öwrüldi hem-de alym-atşynaslar üçin gymmatly ylmy çeşme bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň örän baý medeni mirasyny, gadymy däp-dessurlaryny, atşynaslyk sungaty bilen baglanyşykly ýörelgelerini gaýtadan dikeltmek hem-de gorap saklamak meseleleri hemişe üns merkezinde saklanylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mukaddesliklerimiziň dowam etdirilmegine gönükdirilen syýasaty ahalteke bedewleriniň, türkmen atşynaslarynyň hem-de çapyksuwarlarynyň şan-şöhratynyň belende göterilmegine ýardam edýär. Medeni mirasymyzda ahalteke bedewlerine aýratyn orun degişlidir. Olaryň şan-şöhraty bolsa türkmen atçy-türgenleriň halkara ýaryşlarynda we sirk festiwallarynda gazanýan ajaýyp ýeňişleri bilen barha artýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, 2010-njy ýylyň awgustynda ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Halkara atçylyk guramalary bilen tejribe alyşmak arkaly hünärmenleriň nazaryýet we hünär taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak, ahalteke bedewleriniň genofonduny goramak hem-de olaryň baş sanyny artdyrmak onuň esasy maksady bolup durýar.

* * *

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýigitleri Italiýadaky Halkara sirk festiwalynyň ýeňijisi boldular. Italiýanyň Latina şäherinde 2014-nji ýylyň 16 — 21-nji oktýabry aralygynda geçirilen XVI Halkara sirk sungaty festiwaly Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýigitleriniň ýeňşi bilen tamamlandy. Türkmen jigitleri üstünlikli çykyş etdi we dünýä derejeli «ýyldyzlar» diýlip ykrar edildi. Jemleýji gala-konsert mahalynda tomaşaçylaryň şowhunly el çarpmagynda olara bäsleşigiň esasy baýragy — «Latina — 2014» altyn kubok, şeýle hem festiwalyň «Di Albacete», «Consegina il Premio» baýraklary, «Comune Di Latina» we Italiýanyň ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň diplomy gowşuryldy.

Latinada geçirilýän «International Circus Festival — City of Latina» atly Halkara sirk sungaty festiwaly Italiýadaky ýeke-täk sirk festiwalydyr. Ol her ýylda geçirilip, dünýäde abraýly bäsleşikleriň biri hasaplanylýar. 2014-nji ýylda bu festiwala dünýäniň 20 ýurdundan dürli ugurlar boýunça çykyş edýän artistler gatnaşdylar. Olaryň ussatlygyna häzirki uly sirkleriň ýolbaşçylaryndan, esasy bilermenlerden we sirk sungatynyň ykrar edilen «ýyldyzlaryndan» ybarat bolan halkara eminler tarapyndan baha berildi.

«Galkynyş» topary ajaýyp ahalteke bedewleri bilen çykyş edip, at üstündäki dürli oýunlary, çylşyrymly hereketleri ussatlyk bilen ýerine ýetirip, tomaşaçylary haýran galdyrdy. Türkmen jigitleri bilermenler we talapkär märeke tarapyndan ähli ugurlar boýunça iň oňat diýlip ykrar edildi hem-de eminleriň hoşallygyna mynasyp boldular.

Türkmen jigitleri bäsleşigiň baýraklaryny alyp, Gahryman Arkadagymyza türkmen atçylygyny ösdürmek barada ýadawsyz alada edýändigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça döredilen wagtyndan bäri «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary dünýäde halkymyzyň baý mirasyny wagyz edýär, meşhur ahalteke bedewleri bolsa gymmatly baýlygymyz we buýsanjymyz bolup durýar. Toparyň ýigitleriniň Italiýadaky ajaýyp çykyşy uly üstünlige eýe bolmak bilen Türkmenistanyň atçylygyň we atçylyk sportunyň iri halkara merkezi hökmünde ykrar edilmeginiň ýolundaky möhüm ädimleri dünýä aýan etdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýan türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlaryny täzeden dikeltmek boýunça maksada okgunly syýasatyň anyk netijesidir.

2025-02-01143