TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Owazaňyz ýedi yklyma ýaýrandyr

Owazaňyz ýedi yklyma ýaýrandyr

2018-nji ýylda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde ilkinji gezek geçirilen Fontankadaky I Halkara sirk sungaty festiwalynda «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigine mynasyp bolmagy toparyň Ýer ýüzündäki şöhratynyň has-da belende galmagyny şertlendirdi.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň bu üstünligi öwgä mynasyp. Üstünlikli wakalara ýaşlaryň dahylly bolmagy bolsa has-da begendirýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň bu üstünligi Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara derejesindäki abraýyny has-da artdyrdy.

Ahalteke atlarynyň şöhratyny gorap saklamak we artdyrmak işinde bahasyna ýetip bolmajak hyzmat Gahryman Arkadagymyza degişlidir. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistan atşynaslygyň halkara merkezine öwrülýär, behişdi bedewlerimiz we ussat çapyksuwarlarymyz bolsa daşary ýurtlarda geçirilýän iri bäsleşikleriň, abraýly atly sport ýaryşlarynyň hem-de at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar. Bu Sankt-Peterburgda hem şeýle boldy. Bu ýerde 24 — 27-nji maýda halkara festiwaly geçirilip, ol Belgiýadan, Germaniýadan, Hytaýdan, Koreýadan, Portugaliýadan, Italiýadan, Norwegiýadan, Russiýadan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Keniýadan, Ukrainadan we beýleki döwletlerden sirk artistlerini ýygnady.

Türkmen jigitleri at üstündäki dürli oýunlary, akrobatik hem-de gimnastik tilsimleri, at çapmagyň ýokary ussatlygy bilen nobatdaky gezek tomaşaçylary we emin agzalaryny haýran galdyrdylar. Olaryň çykyşlarynda esasy zat çapyksuwarlaryň tilsimleriniň çylşyrymlylygy ýa-da batyrgaýlygy däl-de, eýsem, adamlaryň we atlaryň jebisligidir.

Russiýa Federasiýasyndan Watanymyza gaýdyp gelen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary köpçülikleýin baýramçylyk dabaralary we aýdym-sazly çykyşlar bilen garşylanyldy, olara Gahryman Arkadagymyz Gutlag hatyny iberdi.

Ir bilen aşgabatlylaryň müňlerçesi paýtagtymyzyň howa menziline barýan ýoluň ugruna çykyp, halkara sirk festiwalynyň ýeňijilerini mübäreklediler. Ýigitler bedewlere atlandylar we dabara gatnaşyjylaryň ugratmagynda paýtagtymyzyň şaýollary bilen şäheriň Döwlet sirkine tarap ugradylar.

Ýolugra guralan dabaralar, köp sanly sungat ussatlarynyň çykyşlary bu çärä özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Milli saz gurallarynyň owazy, joşgunly aýdymlar we şatlyk-şowhun türkmen toýuna mahsus ýagdaýy emele getirdi.

...Birnäçe wagtdan soň, baýramçylyk ýörişi sirkiň öňündäki meýdançada tamamlandy. Bu ýerde olary baýramçylyk çykyşy bilen tans toparlary garşyladylar. Dabaralar paýtagtymyzdaky sirkiň binasynda dowam etdi, manežde aýdyň öwüşginli tomaşa ýaýbaňlandy.

* * *

Dünýä belli topar ýurdumyzda yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hem taryhy ýeňiş bilen başlady. Has takygy, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary 17 — 26-njy ýanwar aralygynda Monako Knýazlygynyň paýtagty Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. 20-21-nji ýanwarda toparyň agzalaryna mynasyp bolan baýraklary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu waka bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da beýgeldip, behişdi bedewlere aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda atçylyk we sirk sungatyny ösdürmek babatda başyny başlan asylly işleriniň ýene bir ajaýyp miwesi bolup äleme doldy.

Taryhy ýeňşiň yzysüre türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, olary gutlamagy has-da ýatda galyjy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň öz çykyşynda: «Bilşiňiz ýaly, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary 2007-nji ýylda döredildi. Toparyň işi bu günki günde has-da kämilleşdi. «Galkynyş» toparynyň agzalary ahalteke bedewlerinde çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýärler. At üstünde täsin oýunlary görkezýärler. Siz ençeme halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baş baýraklara mynasyp bolduňyz. Dünýäniň çar künjünde türkmen tuguny belende göterdiňiz. «Galkynyş» topary dürli ýurtlarda geçirilen halkara sirk festiwallarynda 5 gezek baş baýraga mynasyp bolup, dünýä çempiony diýen belent derejä eýe boldy» diýip bellemegi toparyň agzalarynyň göwünlerini galkyndyryp, olary ata Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekmäge hem-de geljekki ýeňişlere ruhlandyrdy.

2025-02-0175