![](/api/v1/uploads/news/1738394089273191028.jpg)
Bedew bady bilen öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde gazanylýan ösüş-özgerişlikler bedew bady bilen ölçelýär. Milletimiziň ruhuny beýgeldýän, şöhratyny bütin äleme ýaýýan gymmatlyklarymyzyň biri bolan behişdi ahalteke bedewlerimiz parahatçylygyň we gözelligiň alamatydyr. Türkmen halky «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin!» diýip, ahalteke bedewlerini ähli döwürlerde hem gadyrlapdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen häzirki wagtda türkmen bedewleri dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy hökmünde ykrar edilip, olaryň şöhraty has-da arşa galýar. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan bina edilen, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmegi, geçen ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisiniň geçirilmegi, şeýle hem geçen ýylyň 12-nji oktýabrynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçen maslahatyň dowamynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy bu bellenenleriň aýdyň güwäsidir.
Dünýä gözelligini özünde jemleýän ajaýyp ahalteke atlarymyz bütin dünýäde ýurdumyza, halkymyza meşhurlyk getirýär. Mizemez genji-hazynamyza öwrülen, asyrlaryň dowamynda türkmeniň at-abraýyny, mertebesini saklan milli atçylyk sungatymyz häzirki döwürde täze röwüşde galkynýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Biz özümize we öz güýjümize berk ynanýarys, bu ynam öz köklerini türkmen topragynyň berekedinden we sahylygyndan, dünýäni aňk ediji hadysany — adam bilen atyň jana-jan dostlugyny döretmegiň hötdesinden gelen pederlerimiziň pähim-parasadyndan alyp gaýdýar» diýip bellemegi türkmen bedewiniň ähli döwürlerde halkymyzyň durmuşynda eýelän möhüm ornuny açyp görkezýär. Şonuň netijesinde hem bedew mertebesi belent tutulýar, onuň zerurlygy durmuş kadasyna öwrüldi we bu taglymat bütin dünýäde ahalteke bedewleriniň mysalynda ykrar edildi.
Gahryman Arkadagymyz özüniň dünýä edebiýatynyň gymmatly eserlerine öwrülen işleriniň birnäçesini behişdi bedewlerimize bagyşlady. «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly çuňňur manyly eserler her bir okyjynyň, çapyksuwaryň, seýsiň, umuman, atşynaslaryň, alym-professorlaryň ýankitabyna, gymmatly gollanmasyna öwrüldi. Bu eserler türkmen bedewleriniň şöhratly ýollaryny, taryhyny, gelip çykyşyny, dünýä ýüzündäki belent şöhratyny wasp edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň at üstünde ýerine ýetirýän akrobatik we gimnastik tilsimleri, olaryň bedewlere ussatlyk bilen erk etmekleri, at çapmak sungatynyň ýokary derejesini görkezýän çykyşlary ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrdy.