At agynan ýerde toý bolar
Mälim bolşy ýaly, Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň ilkinjisi 2014-nji ýylyň 9 — 14-nji sentýabrynda Yssykkölüň kenarynda Çolpon-Ata şäherinde geçirildi. Bu halkara ýaryşyň açylyş dabarasyna dünýäniň ençeme ýurdundan döwlet we hökümet Baştutanlary, meşhur sungat ussatlary, kino äleminiň ýyldyzlary gatnaşdy. Çarwadarlaryň I bütindünýä oýunlaryna dünýäniň 19 ýurdundan 583 türgen gatnaşdy. Onuň maksatnamasyna sportuň 10 görnüşi girizilmek bilen, biziň watandaşlarymyz guşakly göreş boýunça geçirilen ýaryşlarda 3 altyn we 2 bürünç medaly eýelemegi başardylar. Şol oýunlar dünýäniň ençeme döwletlerinde görkezilip, oňa 230 milliona golaý adam tomaşa etdi.
2016-njy ýylda geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlaryna gatnaşýan ýurtlaryň sany 62-ä ýetdi. Sportuň milli görnüşleri boýunça geçirilen bu giň möçberli ýaryşlarda ildeşlerimiz türkmen milli göreşi, guşakly alyş göreşi, gazak we gyrgyz göreşi boýunça çykyş edip, 23 medala — 15 altyn, 2 kümüş we 6 bürünç medallara mynasyp boldular. Aýratyn hem, bu abraýly ýaryşda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary üstünlikli çykyş edip, baş baýraga mynasyp boldy. Onda ajaýyp ahalteke bedewleri hem-de türkmen çapyksuwarlarynyň ussatlygy hemmeleri haýran galdyrdy.
Gahryman Arkadagymyz şol ýylyň sentýabrynda türkmen türgenlerini Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynyň ýeňijilerini we baýrakly orunlara mynasyp bolanlary sylaglamak dabarasyna gatnaşdy. Tapawutlanan ildeşlerimizi sylaglamak dabarasy Saglyk ýolunda geçirildi. Şol ýerde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň işgärleriniň, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýöriş guraldy.
Türgenlerimiziň abraýly halkara ýaryşlarda, şol sanda Gyrgyzystanda, Yssykkölüň kenarynda geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, ýeňiş gazanmagy atly sportumyzyň rowaçlanýandygynyň subutnamasy boldy.
Gahryman Arkadagymyz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysyna ABŞ-nyň 30 müň dollar möçberindäki pul baýragyny, tapawutlanan türgenlerimize bolsa täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.