TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Dünýä dolan dabara

Dünýä dolan dabara

2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabatda Gahryman Arkadagymyzyň, birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, daşary ýurtlaryň görnükli döwlet işgärleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we beýleki hormatly myhmanlaryň gatnaşmaklarynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy geçirildi.

Dabaranyň dowamynda stadionyň tutuş çägi zümerret öwüşginli ýaşyl reňke boýaldy we şowhunly dabara gatnaşyjylar aýlaw ugry bilen stadionyň merkezine gelip, «Aşgabat 2017» oýunlarynyň resmi nyşanynyň şekilinde düzüldi. Reňkleriň sazlaşygy şekile özboluşly öwüşgin çaýýar. Meýdançada Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň esasy nyşany bolan ahalteke bedewiniň şekili emele gelýär. Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň 5-nji maýynda Aşgabadyň etegindäki, gadymy Parfiýa döwletiniň paýtagty — ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nusaý galasynyň ýanynda V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli deňi-taýy bolmadyk atly ýörişe badalga berildi. Bu ýörişe gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny hem-de Aziadanyň alawyny ýurdumyzyň çäklerinden göterip geçdiler. Garaşsyz döwletimiziň iň bir uzakdaky künjeklerinde boldular. Munuň özi sport baýramyna iş ýüzünde bütin halkymyzyň gatnaşmagyny alamatlandyrdy.

«Goý, bu ýaryşlar Olimpiýa hereketiniň, halklaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine wepalylygyň nyşany hökmünde geçsin! Goý, bu ýaryşlar sport bäsleşiginde ak ýürekliligiň we hormat goýmagyň nusgasyna öwrülsin!» diýip, Milli Liderimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny açyk diýip yglan etdi. Dabaranyň şowhunly pursatlarynda ýetginjegiň ata mündüriliş dessury görkezildi: ýetginjek ajaýyp bedewe atlanyp, öňe tarap okdurylýar. Hereket edýän şekillerde kuwwatly Parfiýa patyşalygynyň durmuşyndan parçalar beýan edilýär. Täsirli pursatlardan soňra ajaýyp ahalteke bedewlerine atlanan ýigitler ellerinde baýdaklary saklap, meýdança çykýarlar. Meýdançanyň merkezinde silindr görnüşindäki ekran ýokaryk galdyrylýar, onda Oguz hanyň nyşany — lira görnüşinde şahlaryň arasynda ýerleşdirilen Gün şekili açylýar. Soňra meýdançada türkmen halkynyň nesilbaşysy Oguz hanyň heýkeli örboýuna galýar.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy yglan edilýär. Bu toparyň çykyşlary islendik baýramçylygyň bezegi, gaýduwsyz ýigitler we ussat gyzlar dünýäniň köp ýurtlarynda tomaşaçylary haýran galdyrýar. Şol gün olar ýene-de at çapmagyň ýokary nusgasyny görkezdiler hem-de haýran galdyryjy akrobatik emelleri ýerine ýetirip, tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdylar. Toparyň agzalary her bir tilsimi ýeňillik we ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler. Ýelden ýüwrük bedewleriň özleri hem ýyndamlygy, owadanlygy hem-de syratlylygy bilen haýran galdyrýar. Ýöne münberleriň öňünden atyň üstünde ýyldyrym çaltlygy bilen geçen körpeje gyzjagaz tomaşaçylarda has uly täsir galdyrdy. «Galkynyş» toparynyň esasy çykyşy üç gatly piramida bilen baglanyşyklydyr. Bu gün ýigitleriň ussatlyk bilen emele getiren piramida şekilleriniň üstünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagy parladyldy.

Monitorda ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alan 500 günlük atly ýörişiň ýyl ýazgysyndan pursatlar görkezilýär. Biraz salymdan soň, «Aşgabat 2017» oýunlarynyň alawyny elinde saklap gelýän atly ýigit stadiona gelýär. Zenanlar gadymdan gelýän däbe görä, ýörite çanaklarda üzärlik tütedip, asylly başlangyja ak pata berýärler. Meýdançanyň merkezinde diň peýda bolýar we alawly ýigit atyny basgançaklar boýunça onuň depesine gönükdirýär. Çapyksuwar bedewi çarpaýa galdyryp, alawy sekizburçly ýyldyza degirýär, şondan soňra onda iki «kometa» peýda bolup, Olimpiýa stadionynyň münberlerini bezeýän ägirt uly bedewiň şekiliniň ýokarsynda ornaşdyrylan çanaga tarap okdurylýar. Çanakda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakylýar.

Dabaranyň ahyrynda paýtagtymyzyň asmanyny ýagtylandyran baýramçylyk feýerwerkleri öwşün atyp, köp sanly symrug guşlary dürli reňkde öwşün atýan ganatlaryny ýaýyp, şäheriň asmanynda, Olimpiýa stadionynyň ýokarsynda uçup barýana meňzeýär. Bu ajaýyp görnüş esli wagt dowam edip, bu ýere ýygnananlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Gözel paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany bolan ahalteke bedewi türkmen halkynyň milli gymmatlygyny, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandyny alamatlandyrdy. Ahalteke bedewi bütin dünýäde özüniň ýyndamlygy, üşükliligi, çydamlylygy we haýran galdyryjy gözelligi bilen tanalyp, ol V Aziýa oýunlarynyň nyşanynda ýerleşdirildi. Ahalteke bedewiniň şekili sagdynlygy alamatlandyrýar. Ýurdumyzy halkara sportunyň merkezi hökmünde dünýä ýüzünde giňden belli eden Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda behişdi ahalteke bedewlerimize, şeýle hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna aýratyn ähmiýet berilmegi örän buýsandyryjydyr.

2025-02-01146