Külli türkmenimiň uçar ganaty
Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Hytaýdan Watanymyza dolanyp gelen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary baýramçylyk dabarasy, aýdym-sazly çykyşlar bilen garşylandy. Olar Hytaýda II Halkara sirk sungaty festiwalynyň Gran-pri baýragyna mynasyp boldular. Dünýäniň 22 ýurdundan sirk sungaty toparynyň 32-siniň arasynda ussatlar diýlip ykrar edilen hem-de festiwalyň baş baýragyna — Altyn kuboga mynasyp bolan türkmen atçylarynyň ýeňşi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara derejesindäki üstünligidir. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Italiýada, Russiýada, Ukrainada, Belarusda, Türkiýede we beýleki ýurtlarda çykyş edip, uly seslenme döretdiler. Olaryň hasabynda abraýly halkara bäsleşiklerinde we sirk sungatynyň festiwallarynda gazanylan ýeňişleriň ençemesi bar.
Şol gün irden ildeşlerimiziň müňlerçesi paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde awtobusda gelýän halkara festiwalyň ýeňijilerini mübäreklediler. Bu ýerde baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançada aýdym-sazly we tansly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň orkestri we «Miras» tans topary, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeňleri hem ýörite şu güne niýetläp öz sowgatlaryny taýýarladylar.
Ýigitler bu ýerden öz ajaýyp bedewlerine atlanyp dabara gatnaşyjylar bilen bilelikde Magtymguly şaýoly bilen ýörişlerini dowam etdiler. Şaýoluň ugry Döwlet sirkine çenli bu waka mynasybetli şatlyk-şowhun bilen gurşaldy. Ýörişiň dowamynda ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlara görä, toýdur baýramlara mahsus bolan däp boýunça jar çekilip, hemmeler toýa çagyryldy. Köp sanly sazandalar bu ýere ýygnananlaryň baýramçylyk ruhuny göterdi, ähli ýerlerde milli saz gurallarynyň owazy, joşgunly aýdymlar ýaňlandy. Şeýle hem bu ýerde dürli žanrlarda çykyş edýän sirk artistleriniň çykyşlary boldy.
Bu şatlykly ýörişe, aýratyn-da, çagalar begendi, ulular bolsa özüni ýetginjek kimin duýdular.
...Birnäçe wagtdan soň ýöriş sirkiň öňündäki meýdançada tamamlandy. Meýdança hakyky baýramçylyk lybasyna beslenipdir.
Dabaranyň gahrymanlarynyň hormatyna Döwlet tans toparynyň, «Serpaý» folklor-etnografik toparynyň, «Galkynyş» tans toparynyň gatnaşmagynda konsert guraldy. Olar «Uçar ganatly bedew» atly aýdym-sazly, tansly çykyşy ýerine ýetirdiler.
Soňra «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ussatlaryny sylaglamak dabarasy boldy. Olara halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan nobatdaky ýeňişleri üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ABŞ-nyň 50 müň dollary möçberinde pul baýragy gowşuryldy.
«Galkynyş» toparynyň ýolbaşçysy, öz gezeginde, Milli Liderimize çuňňur hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň aladalary netijesinde türkmen ýigitleriniň dünýä derejesinde uly ýeňişleri we üstünlikleri gazanýandyklaryny nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň berýän şunuň ýaly yzygiderli ünsi ussatlary has-da netijeli çykyş etmäge, täze, özboluşly çözgütleriň döredijilik gözlegine çykmaga hem-de ajaýyp ahalteke bedewlerimizi mundan beýläk-de dünýä ýaýmak işinde çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ruhlandyrýandygyny aýtdy.
Soňra sirkiň sahnasynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýeňijileriniň görkezme çykyşlary boldy. Behişdi bedewler ýurdumyzyň umumymilli dabaralarynyň, toýdur baýramlarymyzyň bezegi bolup durýar. Uçar ganatly bedewlerimiziň gözelligi we okgunlylygy, şeýle hem çapyp barýan atyň üstünde çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirýän türkmen ýigitleriniň çakganlygy tomaşaçylary haýrana goýýar. Olaryň oýunlary sirk we baýramçylyk çykyşlaryna özboluşly öwüşgin çaýyp, ahalteke bedewleriniň üstünde çapyksuwarlar oýunlaryň dürli tärlerine eýe bolandygyny ussatlyk bilen görkezýärler. Türkmen jigitleri her gezek tomaşaçylarda uly täsir döredýärler, olar bolsa öz gezeginde ýigitleri şowhunly el çarpyşmalary bilen sylaglaýarlar. Bu bolsa hakyky sungat ussatlary üçin ýokary sylag bolup durýar.
Şol gün paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň müňlerçesiniň gatnaşan dabaralary aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdi. Halk döredijilik äheňleri esasynda goýlan tansly çykyşlar, halk aýdymlary we häzirki zaman estrada owazlary, eziz Watanymyza, berkarar döwletimize bagyşlanan çykyşlar baý mazmunly maksatnamanyň esasyny düzdi. Bu ýerde tomaşaçylar belli estrada aýdymçylaryna we sirk artistlerine, tans toparlaryna hem-de sazandalara, milli sungatyň baýlygyny we özboluşlylygy şöhlelendiren baýramçylyk çykyşlaryna gatnaşyjylara şowhunly el çarpdylar.
Bu dabaralardan belli bolşy ýaly, behişdi bedewler dabaralarymyzyň, toýdur baýramlarymyzyň bezegi bolup, çapyp barýan atyň üstünde çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirýän türkmen jigitleriniň çakganlygy bolsa örän täsirlidir. Şonuň netijesinde hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary dünýä ýüzünde giň meşhurlyga eýe boldy. Olaryň oýunlary sirk we baýramçylyk çykyşlaryna özboluşly öwüşgin çaýyp, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrýar. Bu günki ajaýyp dabara hem şeýle taryhy wakalaryň biri boldy.
Halkara bilermenleriň, atşynaslaryň, alym-professorlaryň ruhubelentlik bilen belleýşi ýaly, türkmen milli at üstündäki oýunlary ilkinji pursatlardan tomaşaçylaryň ünsüni çekmegi başarýar. Ajaýyp ahalteke bedewleri, artistleriň milli lybaslary, atlylaryň sazlaşykly hereketleri, bedewleriň tizligi, çylşyrymly tilsimleriň ýerine ýetirilişi häzirki wagtda millionlaryň aňynda we kalbynda mäkäm orun aldy. Türkmen halkynyň owadanlykda deňi-taýy bolmadyk behişdi ahalteke atlary özüniň ýyndamlygy, çeýeligi bilen dünýä meşhurdyr.