«Galkynyşly» göwünleriň galkyşy
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni uly üstünliklere, taryhy wakalara beslenýär. Mälim bolşy ýaly, biz ýurdumyzyň ösüşini, gazanýan sepgitlerini bedew bady bilen ölçeýäris. Täze, 2025-nji ýylyň ilkinji aýynda bolsa hut behişdi bedewlerimiz ýurdumyzyň häzirki ösüş depginini, dürli ugurlarda ýeten belent derejelerini buşlap, halkara derejede gazanylan ýeňiş baradaky hoş habary çalt dünýä ýüzüne ýaýratdy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň sirk sungatyny dabaralandyrdy. Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmak bilen mukaddes tugumyzy belentde parladyp, her bir türkmenistanlynyň başyny-da göge ýetirdi.
Gahryman Arkadagymyz Monako Knýazlygyna döwletli saparyny amala aşyrýan wagtynda taryhy ýeňşiň gazanylmagy ajaýyp sazlaşygy emele getirdi.
Sport — parahatçylygyň ilçisi. Ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly. Monako 2025-nji ýylda «Dünýäniň sport paýtagty». Dünýäniň sport paýtagtynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýeňşi. Türkmen baýdagynyň belentde parlamagy. Mukaddes tugumyzy dünýä ýüzünde belende göteren bu taryhy ýeňşe saldamly goşantlaryny goşan ýeňijileriň buýsançly sözleri hem belentden ýaňlanýar.
Serdar PYGYÝEW,
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çeper ýolbaşçysy:
— Günleri günlerden, ýyllary ýyllardan zyýada eziz Diýarymyz ähli arzuwlaryň hasyl bolýan, eşretli, bagtyýar durmuşyň barha rowaçlanýan mekanydyr. Her bir ýylymyzyň şanly wakalara baý bolşy ýaly, täze Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem ilkinji günlerden ata Watanymyzyň şan-şöhratyny ýene bir ýola Zeminde dabaralandyryp, taryhy wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna amala aşyran sapary bu bellenenleriň beýanydyr. Bu döwletli saparyň geçýän pursatlarynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyzyň Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş etmegi, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Gahryman Arkadagymyzyň wagt tapyp, toparymyzyň agzalary bilen duşuşmagy, gazanan ýeňşimiz bilen gutlamagy ata Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrdy.
Mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary at çapmagyň, gözelligiň nusgasy hökmündäki çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirýän ussat ýaşlardan ybaratdyr. Toparymyzyň dürli ýyllardaky ýeňişleri Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz aladasy, parasatly öwüt-ündewleri, şahsy göreldesi esasynda hasyl boldy.
Goý, halkymyzyň milli buýsançlaryny dünýä tanadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Lilianna ÝUSUPOWA,
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzasy, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy:
— Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni dabaralandyryp, şanly wakalar bilen badalga aldy. 20-21-nji ýanwarda toparymyza mynasyp bolan baýraklarymyzyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy Garaşsyz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da beýgeltdi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda atçylyk we sirk sungatyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirýän nusgalyk işleri özüniň oňyn netijesini hem berýär. Ahalteke bedewleri dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasydyr. Şeýle taryhy günde bolsa bu hakykaty dünýä jemgyýetçiligi ýene-de bir gezek ykrar etdi. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hem-de Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň açylyp ulanmaga berilmegi hem ýurdumyzda behişdi bedewlerimiziň ähmiýetiniň örän uludygyndan habar berýär. Biz — ýaş türgenler şeýle abraýly halkara ýaryşlarda ata Watanymyzyň at-abraýyny gorap, halkymyzyň medeniýetini we sungatyny dünýä ýaýýandygymyza buýsanýarys.
«Ahalteke bedewi sirkiň arenasynda hem ajaýypdyr!» diýip belleýän halypa atşynasymyz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Medine BAÝRAMDURDYÝEWA,
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzasy:
— Türkmen sirk sungaty dünýäni haýran galdyrdy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyzyň ýeňşi bilen türkmen tugy dünýäde belentde parlady.
Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda atçylyk we sirk sungatyny ösdürmekde uly tagallalary, bedew atlarymyza erk etmekde şahsy göreldesi, öwüt-ündewleri bizi elmydama täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Bu gezek hem ol şeýle boldy. Biz daşary ýurtly raýatlaryň, bu ýere gelen jahankeşdeleriň ahalteke bedewlerine aýratyn gyzyklanma, tolgunma hem-de haýran galyjylyk bilen seredýändikleriniň şaýady bolduk.
Milli lybasdaky oglan-gyzlarymyz ussatlyklary, ezberlikleri bilen behişdi bedewlerimiziň sazlaşykly, ynamly, düşbi hereketlerini görkezdiler. Netijede, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyz 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň baş baýragyna mynasyp bolmak bilen, ençeme baýraklary gazandy. Italiýanyň «Moira Orfei», Hindistanyň «Rambo» sirkiniň ýörite baýraklary şol sylaglaryň üstüni ýetirdi. Düşbüligi, ýyndamlygy we syzgyrlygy bilen dünýäde tanalýan bedewlerimize ussatlarça erk edýän oglan-gyzlarymyza mizemez yhlaslary, ýeňşe bolan hyjuwlary üçin minnetdarlyk bildirýärin. Toparymyzyň Monte-Karloda gazanan nobatdaky uly üstünligi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen parahatçylygy we ynanyşmagy nazarlaýan parasatly syýasatyny dabaralandyrýar.
Goý, ýurdumyzda milli sirk sungatyny ösdürmekde, şeýle hem behişdi bedewlerimiz barada uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Arslan ANNAMYRADOW,
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzasy, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň baş direktorynyň çeper döredijilik boýunça orunbasary:
— «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyzyň Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş etmegi we halkara baýraklara mynasyp bolmagymyz ömrümiziň ýatdan çykmajak wakasyna öwrüldi. Toparymyz ençeme halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baş baýraklara mynasyp bolmak bilen, dünýäniň çar künjünde türkmen tuguny belende göterdi.
Biz alysda ýerleşýän ajaýyp ýurduň täsinliklerini hem-de onuň dostlukly halkynyň bize, türkmen halkymyza, medeniýetimize we baý mirasymyza goýýan çäksiz hormatyny duýduk. Bu ajaýyp taryhy pursatlar ömre peşgeşdir. Şol günlerde Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynda saparda bolmagy hem-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyň agzalary — biziň bilen duşuşyp, gazanan ýeňişlerimiz bilen gutlamagy buýsanjymyzy, guwanjymyzy has-da artdyrdy. Dogrusyny aýtsam, gazanylan ýeňiş biziň hemmämizi-de diýseň begendirdi, ýöne halypa atşynasymyz Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň bu taryhy ýeňşimiz bilen gutlamagy bolsa düýbünden ykbal özgerdiji waka boldy. Munuň özi hem asly halal peder ýoluny dowam etdirýän Milli Liderimiziň ynsan deý syzgyr bedewlerimize aýratyn ähmiýet berýändigini açyk-aýdyň görkezýär.
Eziz Diýarymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!