TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr»

«Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr»

Gahryman Arkadagymyz: «Halkymyzda hijem diňe özüň üçin ähmiýetli tarapy ileri tutmak diýlen düşünje ýokdur. Gaýtam, başgalaryň öňünde ýagşy iş bitirip, alkyşly sözleri eşitmek, iň bolmanda bir ýagşy işiň başa barmagyna nepiň degeni üçin begenmek mertebeliligiň nyşanydyr. Türkmenistan döwletiniň syýasy Bitaraplygynyň ynsanperwerlik diýlen beýik ýörelgäni rowaçlandyrmagyň hatyrasyna işjeňlige eýe bolýandygyna halkara gatnaşyklarynyň, dünýäniň ählumumy wezipeleriniň mynasybetinde nazar aýlamak maksadalaýykdyr» diýip örän jaýdar belleýär.

Bitaraplygyň düzüm bölekleri bolan ynsansöýüjilik, agzybirlik, adalatlylyk, Watana wepalylyk, halallyk ata-babalarymyzyň wesýetleri bilen kiçilikden aňymyza guýlup gelen düşünjelerdir. Sebäp diýseň, üme düşüp başlanymyzdan gulagymyz ganýan hüwdüleriň, aýtgylaryň, ertekileriň, rowaýatlaryň ählisi hem şol häsiýetleri terbiýelemäge niýetlenen. Ol halk döredijiligi bolsa gözbaşyny juda uzaklardan alýar. Gahryman Arkadagymyzyň:

«Halkymyzda aýtgylary, rowaýatlary, ertekileri rawylar-kyssaçylar, dessanlary bagşylar — ussat aýdymçylar hem-de sazandalar asyrlardan-asyrlara aşyrypdyrlar» diýen sözleri onuň uzak ýoly geçendigini tassyklaýar. Şol geçilen beýik ýolda hem türkmen halkynyň ynsanperwerlik ýörelgeleri ertekilerimiziň hem süňňüne siňipdir. Ertekilerde halkyň geljege bolan ynançlary, isleg-arzuwlary gadymy wagtlarda bolup geçen wakalar hökmünde şöhlelendirilipdir. Şol sanda türkmen halkyna mahsus bolan esasy häsiýetler — watansöýüjilik, ynsanperwerlik, myhmanparazlyk, ile-güne, ojaga wepalylyk, halallyk, sahylyk, rehimdarlyk, geçirimlilik, ruhubelentlik ýaly ajaýyp ýörelgeler jemlenipdir. Çagalygyň, ýaşlygyň hemrasy bolan ertekiler diňe bir terbiýeçilik güýji bilen däl, eýsem, olar türkmen halkynyň durmuşy, taryhy bilen bagly ajaýyp eserlerdir. Olarda ata-babalarymyzyň ýaşaýyş şertleri, meşgullanan işleri, däp-dessurlary, dünýägaraýyşlary, milli häsiýetleri, edim-gylymlary we ynsanperwer hereketleri öz beýanyny tapypdyr. Ertekilerde durmuşylyk, millilik bilen bir hatarda, ynsanperwerlik, sadalyk, her bir wakany sadadan beýan etmek güýçlüdir.

Ertekilerde halkyň parahat zähmet çekip, bolelinlikde ýaşamagy arzuw edilipdir. Olarda adalatly adamlardan şa saýlamak ýaly meselä aýratyn ähmiýet berlipdir. Ertekileriň köpüsinde garadangaýtmaz mert, edermen, adalatly, halal, ynsanperwer, kynçylygy ýeňip geçip bilýän ýaş gahrymanlaryň şa saýlanmagy, esasan, şol arzuwlar bilen baglydyr. Ony «Akylly wezir», «Amanaly», «Bäş galandar», «Gül», «Horezmin», «Padymanyň gyzy», «Şa we betpäl täjirler», «Şa gyzy», «Ýüz tylla» ýaly durmuşy we jadyly ertekileriň mysalynda-da tassyklamak bolar. Pähimdar ata-babalarymyz halkyň asudalygynyň, abadanlygynyň esasy ganaty bolan agzybirligi saklamagy nesillere pent etmekde ertekileriň güýjüne ynanypdyrlar. Ony haýwanlar hakyndaky ertekileriň mysalynda hem görmek bolýar. «Agzybir keýikler», «Üç öküz hem bir ýolbars» atly ertekileriň mazmuny aýdylanlary tassyklaýar.

Umuman, türkmen ertekilerinde halkymyzyň ynsanperwer, dost-doganlyk, myhmanparazlyk, hoşniýetlilik ýörelgesi giňden şöhlelendirilipdir. Şeýle ýörelgelere uýýan baş gahrymanlar haýsy ýurda barsa, şol ýeriň halkyny uly howpdan gutarýar. Ynsanperwerlik adamzat ýaşaýşynyň islendik döwründe hem halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde, dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde görelde alarlyk şahsyýeti bezeýän häsiýetlerdir.

Netijede, halk döredijiligi eserlerimiziň bir şahasy bolan ertekilerde öňe sürülýän pikirler halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň taryhynyň çuňlugyny görkezýär. Ertekilerde ynsanperwerlik, adalatlylyk, dost-doganlyk ýörelgeleriniň gahrymanlaryň keşbiniň üsti bilen açylyp görkezilmegi terbiýeçilik taýdan örän ähmiýetlidir. Ol bolsa pederlerimiziň paýhasy bilen döräp, nesilden-nesle geçip gelen ertekileriň ýaşlarymyzda hoşniýetli ynsanperwer gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga we dowam etdirmäge bolan yhlasyny has-da artdyrmaga ýardam edýär.

2024-10-23104