TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Gujurly, syzgyr, wepaly»

«Gujurly, syzgyr, wepaly»

Taryhyň dowamynda halkymyz türkmen alabaý itlerini ýetişdirmek işinde ussatlyk görkezipdir. Ony özüniň aýrylmaz hemrasy, ýakyn kömekçisi we wepaly goragçysy hasaplapdyr. Bu halkymyzyň dilinde-de öz beýanyny tapypdyr. Muňa «It gördüm — gut gördüm», «Itim — gutum», «It çopanyň goldaşy, ýalňyzlykda ýoldaşy» ýaly nakyllary mysal getirmek bolar.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Türkmen alabaýy adamkärçiligiň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän «türkmençiligiň» batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk gatnaşyklarynyň alamatlandyrylmasydyr» diýmek bilen, bu milli gymmatlygymyza ýokary baha berýär.

Türkmen alabaýynyň tohumy giňden ýaýrap, onuň arassa ganlylygy ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda üýtgewsiz saklanyp galypdyr. Türkmenistanyň çäginde, ýagny Goňurdepede we Nusaýda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan gulagy, guýrugy kesilip gysgaldylan köpekleriň heýkelleri aýdanlarymyza şaýatlyk edýär.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen türkmen alabaýy — Wepalynyň şekili ýokary derejeli ýaryşyň esasy nyşany hökmünde kabul edildi. Mundan başga-da türkmen alabaýyny köpeltmek, halk seçgiçilik usulyny hem-de milli itşynaslyk mekdebini giňden peýdalanyp, halkara derejesine ýetirmek maksady bilen, 2020-nji ýylda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esasy köçeleriniň biriniň çatrygynda türkmen alabaýynyň heýkeliniň oturdylmagy halkymyzyň bu milli gymmatlygymyza bildirýän söýgüsiniň aýdyň nyşanydyr. Ýurdumyzda üç dilde çap edilýän «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnal hem türkmen alabaýlaryny öwrenmäge we dünýä ýaýmaga uly goşant goşýar.

Türkmen alabaýlarynyň şekili ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň nyşanynyň merkezinde ýerleşdirildi. Bu bolsa Watan goragçylary üçin jogapkärli gulluklaryny mertlik, gaýduwsyzlyk, wepalylyk, ynsanperwerlik, watansöýüjilik ýaly belent häsiýetlerde gulluk etmäge ruhlandyrýar.

Ýatlap geçsek, Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2021-nji ýylyň maý aýynda ýurdumyzda iş saparynda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa Türkmenistan — Tatarystan dostlukly döwletleriň nyşany hökmünde türkmen alabaýyny sowgat beripdi. Rustam Minnihanow türkmen alabaýyna «Ak dus», ýagny «Ak dost» diýip at goýdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar aýynda Ak dost Russiýa Federasiýasynda dürli görnüşdäki itleriň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda ýeňiji bolup, iki ugurda baş baýraga eýe boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: «Alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz».

2024-10-23105