TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Döwletli maşgala

Döwletli maşgala

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyndan:
— Türkmen hemişe köp çagalylygy gowy gören milletdir. Şuňa görä, köp çagaly maşgala «döwletli maşgala» diýlipdir.

Arkadag şäherine «Baky bagtyýarlygyň şäheri» diýilmegi ýöne ýerden däl. Täze, owadan jaýlardan nesibesi bolanlar, edara-kärhanalarda zähmet çekýänler aňrybaş mümkinçiligiň hözirini görýärler. Iň ýokary amatlyklar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlarynyň bolsa, elbetde, höziri aýry. Ir bilen öýüňden işe diýip çykanyňda, dag eteginiň arassa howasyndan dem alaýyn hem biraz gezelenç bolar diýip pyýadalaýanyňda hem işiňden gijä galar aladaň ýok. Tas işiň üstünden örýäň diýen ýaly.

Ýene-de çagalaryň hem aladalary şol kysmy. Has kiçiräklerine esewan bolaýyn diýäýmeseň, çagalar bagam, mekdebem öýüň alkymynda diýleni. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Diýarymyzda adam hakdaky alada ähli zatdan ileri tutulýar. Bu Esasy Kanunymyzda-da beýanyny tapýar. Raýatlaryň durmuş goraglylygy, köp çagaly maşgalalaryň döwlet tarapyndan goldawy hem muny tassyklaýar. Sekiz we ondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren ene-atalar munuň üçin Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny aýdýarlar. Şolaryň biri Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy Döwletmyrat Aýdogdyýewleriň bagtyýar maşgalasy.

Öýlerine baranymyzda, biri-birinden edepli çagajyklar garşylady. Döwletmyrat bilen Oraznabat 2007-nji ýylda durmuş gurýarlar. Şu wagt olaryň iň uly çagalary Döwrangeldi Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 10-njy synpynda okaýar. Agzalan mekdepde Döwrangeldiden başga-da şol hojalykdan ýene dört okuwçy — Şirin, Ýazgeldi, Allanur, Umyt Aýdogdyýewler okaýar. Diňe ikinji ogullary Annaçary Babarap şäherçesindäki Gökdepe etrabynyň Annak Sähetmyradow adyndaky 31-nji orta mekdebinde okaýar. Onuňam sebäbi, şol mekdebiň mugallymy Rejepmyrat Aýdogdyýew uly ogly Döwletmyrat Arkadag şäherinden öýli bolup, göçüp gaýdansoň, mydama ýanynda bolýan agtygyny özünden daşlaşdyrasy gelmeýär. Atasyna ysnyşan Annaçary hem okuwyny öňki mekdebinde dowam etdirermen bolýar. Şeker bilen Muhammetaly şäherdäki 6-njy çagalar bagyna gatnasa, entek ýaşyny doldurmadyk Şirmaýy öýde terbiýelenýär. Alty ogul, üç gyzy terbiýeleýän Oraznabat gelneje şeýle diýýär:

— Sekiz çagany dünýä inderendigim we terbiýeläp ýetişdirendigim üçin maňa 2022-nji ýylda «Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy. Ondan soň dokuzynjy perzendimiz Şirmaýyjan dünýä indi. Köp çagaly maşgalalary döwlet tarapyndan goldaýandygy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza taňryýalkasyn aýdýaryn.

Döwletmyradam şu ýylyň ýatdan çykmajak ýyllaryň birine öwrülendigini aýdýar:

— Men Arkadag şäheriniň Onkologiýa merkezinde tehniki hünärmen bolup işleýärin. Durmuşda uly arzuwym amala aşdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň adyny göterýän köçäniň 24-nji jaýyndan bäş otagly döwrebap öýli bolduk. Köşk ýaly jaýlardan nesibämiz bar eken. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Döwletimiz köp çagaly maşgalalary birjikde ünsden düşürmeýär. Şonuň üçin çagalarymyzy ile-güne, Watana haýyrly ýaşlar bolar ýaly terbiýeläris. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz ähli şertleri döredip berýär. Çagalarym döwrebap tehnologiýalar bilen ornaşdyrylan mekdeplerde bilim alýarlar. Uly oglum Döwrangeldi informatika dersinden bäsleşiklere taýýarlanýar. Bir oglum Allaberdi sportuň sambo görnüşine ýykgyn edýär. Ýazgeldi bolsa aýdym-saz ugruna höwesek. Biz şu ýyl maşgalamyz bilen köp çagaly maşgalalaryň arasynda geçirilen «Sagdyn maşgala — sagdyn nesil» bäsleşiginde Arkadag şäherine wekilçilik edip ýeňiji bolduk. Bütin türkmen halkyny gowy döwürde bagtyýarlykda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleri uzak bolsun!

2024-10-23109