TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Nebitgazym — genji-känim

Nebitgazym — genji-känim

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly ХХIХ halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady.

Halkara forum uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika senagatynyň gazananlaryny açyp görkezmek bilen, bu ugurda halkara gatnaşyklaryny we netijeli hyzmatdaşlyklary, milli nebitgaz pudagynyň maýa goýum mümkinçiliklerini, «ýaşyl» energetikany ösdürmekde, iri taslamalaryň durmuşa geçirilişini döwrebap çözgütler esasynda has-da işjeňleşdirmekde, tejribe alyşmakda, ylmy garaýyşlary we teklipleri öňe sürmekde, seljermekde ähmiýeti uludyr.

Üç günläp dowam edýän halkara forum bu ugurda esasy düzgünleşdirijileri we gatnaşyjylary, maliýe ulgamynyň wekillerini, alymlary we hünärmenleri bir ýere jemläp, ýangyç-energetika pudagynda we geosyýasy ösüşde örän netijeli häsiýete eýedir.

Sergi meýdançasynda abraýly daşary ýurt kompaniýalarynyň, öňdebaryjy ýurtlaryň diwarlyklary bilen bir hatarda, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň hem diwarlygy bar. Onda şäheriň «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň, «Arkadag şäher gaz» gaz hojalyk müdirliginiň we beýleki degişli düzümleriň önümleri we bu ugurdaky döwrebap mümkinçilikleri görkezilýär. Ýeri gelende belläp geçsek, müdirlik tarapyndan Arkadag şäheriniň çägindäki senagat, jemgyýetçilik kärhanalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň üznüksiz gaz üpjünçiligi ýola goýlup, onuň bökdençsiz işlemegi gazanylýar. «Akylly» şäherde gaz üpjünçiligi döwrüň talaplaryna laýyklykda ýola goýlup, howpsuzlyk düzgünleri berk berjaý edilýär. Onda tebigy gazyň sarp edilişini ölçeýji, garaşylmadyk hadysalarda duýduryjy, habar beriş ulgamlaryň ýola goýlandygy buýsandyryjydyr.

«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy tarapyndan ýerli çig mallardan ulanylyp öndürilýän lukmançylyk serişdeleriniň dürli görnüşleri, ekologik taýdan arassa pamyklar, dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtükleri, başgaplary, halatlary, aýakgap örtükleri we beýleki saglyk maksatly serişdeler ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.

2024-10-23103