TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Şäheri ösdürmegiň konsepsiýasy: döretmegiň, gurmagyň aýdyň ý...

Şäheri ösdürmegiň konsepsiýasy: döretmegiň, gurmagyň aýdyň ýoly

Ýurdumyzda giň gerimli işler, durmuş-ykdysady we syýasy özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde kabul edilýän maksatnamalar halkyň, umumadamzadyň bähbitlerini nazarlap, milli ykdysadyýetimizde oňyn özgertmeler, ýokary depginli ösüş-özgeriş bilen rowaçlanýar. Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy» munuň aýdyň beýanydyr.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Permana gol çekmegi Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary üçin taryhy wakalaryň birine öwrüldi. Resminamada ýerine ýetirilen, ýerine ýetirilýän we geljekde ýerine ýetirilmeli işler giňişleýin beýan edilip, şäheriň ähli ulgamlaryny sazlaşykly, durnukly ösdürmegi, ilatyň ýaşaýyş, zähmet, dynç alyş şertlerini kämilleşdirmegi yzygiderli üpjün etmek we has-da ýokarlandyrmak bu resminamanyň esasy maksady bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda «Häzirki döwürde Arkadag şäherini ösdürmek, onuň ikinji tapgyryny gurmak bilen bagly işleri alyp barýarys. Ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine, senagat we önümçilik desgalarynyň ýokary ekologik talaplara laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berýäris» diýip belledi. Halkyň bähbidini nazarlaýan ýokary derejedäki umumymilli forumda sebitde ýeke-täk «akylly» şäheri ösdürmek boýunça aýratyn nygtalyp geçilmegi örän buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Arkadag şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna, onuň bilim edaralaryny bolsa guramanyň assosirlenen mekdepler toruna girizmek üçin zerur işleri alyp barmalydygy baradaky tabşyryklary Arkadag şäherini hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça ýokary depginli işleriň alnyp barylýandygynyň aýdyň netijesidir. Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan ägirt uly şähergurluşyk taslamasydyr. Asyryň taslamasyna deňelýän Arkadag şäheriniň durmuş ulgamynda öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Onda milli şäher gurluşygynyň iň gowy däpleri binagärligiň hem-de dizaýnyň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşyp, hemmetaraplaýyn amatly we oňaýly şertleri döredýär.

Arkadag şäherine «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulandygy baradaky güwänamanyň gowşurylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň uly ösüşlere beslenýändiginden nyşandyr. Elbetde, döwrebap we ýokary amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş-durmuş gurşawyny döretmek «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» wajyp ugurlaryndan biri bolar.

«Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy» maliýe-ykdysady, senagat, önümçilik nukdaýnazardan uly ähmiýete eýe bolup, döwletimiziň durnukly ösmegini üpjün etmäge, önümçilik kuwwatlyklarymyzy, senagaty ösdürmäge, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli önümleriň öndürilişini artdyrmaga, amatly işewürlik gurşawyny döretmäge, söwda we hyzmatlar ulgamyny ösdürmäge, täze iş ýerleriniň döredilmegine, aýlyk zähmet haklarynyň we ilatyň girdejileriniň yzygiderli ýokarlanmagyna, ilatyň durmuş taýdan goraglylygynyň berk üpjün edilmegine, durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw, gaz, elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw arassalaýjy desgalarynyň, ulag we beýleki durmuş hyzmatlarynyň ösdürilmegine gönükdirilendir. Bu il-ýurt bähbitli işler Arkadag şäheriniň has hem ajaýyp üstünliklere tarap ynamly öňe barýandygyny görkezýär.

2024-10-23108