TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy

Çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy

21-nji martda Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan, şeýle-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan dürli naz-nygmatlar, şol sanda süýji-köke önümleri hem-de ir-iýmişlerdir ter miweler baýramçylyk sowgady hökmünde gowşuryldy. Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli iberilen sowgatlar çagalaryň toý şatlygyny artdyrdy.

Datly nygmatlaryň iberilmegi çagalaryň Milli bahar baýramy mynasybetli guran baýramçylyk dabaralarynyň şatlyk-şowhunyny has-da belende göterdi. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, bilim, saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri iberilen sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryp, çagalaryň toý şatlygyny paýlaşdylar.

Ýeri gelende bellesek, şanly baýramlaryň bellenilýän günlerinde Arkadag şäherindäki çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezindäki we Döwletliler köşgündäki çagalara Diýarymyzda ýetişdirilýän dürli naz-nygmatlaryň bol hasylyndan, hususy önüm öndürijileriň öndürýän azyk önümlerinden sowgatlaryň gowşurylmagy indi asylly däbe öwrüldi. Şu gezek hem çagalar nahar wagtynda datly nygmatlardan dadyp, egsilmez şatlygyň, özleri barada döwletimiz tarapyndan edilýän çäksiz aladanyň şaýatlary boldular.

 

2025-03-23104