
«Saglygym — baş baýlygym»
Ýakynda Arkadag şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň hem-de Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglygym – baş baýlygym» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Baýramçylyk çäresinde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda saglygy goraýyş ulgamynda beýik işleriň durmuşa geçirilýändigi, ýurdumyzda ynsan saglygyna aýratyn üns berlip, ilatyň sagdynlygynyň ählitaraplaýyn ösüşiň we abadançylygyň möhüm görkezijileriň biri bolup durýandygy barada nygtadylar. Çäräniň dowamynda Arkadag şäheriniň Medeniýet müdirliginiň bagşylarynyň hem-de Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.