TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Barha ilerleýän pudagyň üstünlikleri

Barha ilerleýän pudagyň üstünlikleri

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 3 – 5-nji noýabrynda paýtagtymyz Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat geçirildi.

Serginiň maksady ýurdumyzyň gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika we himiýa senagaty, ýol gurluşygy ulgamynda gazanan üstünliklerini hem-de dünýä belli kompaniýalaryň hödürleýän ýöriteleşdirilen enjamlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalaryny tanyşdyrmakdan ybarat. «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergä «Geljege Miras», «Demir ölçeg», «Maksatly gerçek», «Yhlas Kagyz», «Arap ulagy», «Ajaýyp gurluşyk», «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanalary, «Rysgally Nesip», «Elektron Ylhamy», «Oguzabat», «Ak bulut», «Ynamly ojak», «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetleri bilen birlikde Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Eýranyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Hindistanyň kompaniýalary gatnaşdylar.

Arkadag şäheriniň gazanan üstünliklerini tanyşdyrýan gözegelüwli powilýony sergä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Sergide «akylly» şähere wekilçilik edýän Arkadag şäheriniň häkimliginiň maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar bölüminiň baş hünärmeni Çerkez Annaýew öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi: «Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi ata Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan waka boldy. Bütin dünýäniň şähergurluşygynda hem köpleri haýrana goýdy. «Akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň ýerli hususyýetçilerimiz tarapyndan gyzgalaňly alnyp barylmagy milli ykdysadyýetimiziň ýokary kuwwatlydygyny tassyklaýar. Ýene aýratyn nygtamaly zadymyz Arkadag şäheriniň sanly ulgam, maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanyp, «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurulmagydyr. Şu sergä gatnaşmaga döredilen mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş aýdýaryn».

2024-11-06158