
Ylmy-amaly maslahat: belent sepgitler, möhüm wezipeler
Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynyň mejlisler zalynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglyk» Döwlet maksatnamasy: şanly sepgitler, möhüm wezipeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa şäheriň hem-de onuň saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylary, lukmanlar, şeýle hem Germaniýanyň, Türkiýäniň ýurdumyzda saparda bolýan tejribeli lukmanlary gatnaşdy.

Hendrik BERGERT,
Germaniýanyň Erfurt uniwersitet klinikasynyň damar hirurgy, professor:
— Türkmenistanda adam saglygyny goramakda iş alyp barýan hünärmenleriň hormatynyň hemişe belentde tutulýandygy örän buýsandyryjy. Ýurduň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünlikleri, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde ýeten sepgitleri ýokary baha mynasypdyr. Biz muňa Arkadag şäherinde geçirilen şu günki maslahatyň dowamynda hem ýene bir gezek göz ýetirdik. Güneşli Türkmenistanda türkmen kärdeşlerimiz bilen tejribe alyşmak, duşuşyklary geçirmek, dürli çärelere gatnaşmak biziň üçin uly ähmiýete eýedir. Arkadag şäheriniň gözelligi, ajaýyp binalary, saglygy goraýşyň desgalary mende iň ýakymly täsirleri galdyrdy. Bu maslahata gatnaşmaga döredilen ajaýyp mümkinçilik üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine, lukman Arkadaga köp sagbolsun aýdýarys.

Korhan ÖZKAN,
Türkiýäniň «Acibadem» hassahanasynyň trawmatolog-ortoped lukmany, professor:
— Arkadag şäheriniň gözelligi mende uly täsir galdyrdy. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň görnetin kämilleşendigini, döwür bilen deň gadam basýandygyny, ýerli lukmanlaryň hünär ussatlyklarynyň bolsa dünýä ülňülerine laýyk gelýändigini buýsanç bilen bellemek isleýärin. Muňa biz Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş ulgamynda döredilen mümkinçilikler we şertler bilen tanşanymyzda hem göz ýetirdik. «Akylly» şäherde bilelikde alnyp barylýan işleriň netijesinde çylşyrymly operasiýalaryň geçirilmegini, täzeçillikler girizilmegini buýsanç bilen bellemek bolar. Bular bolsa öz gezeginde halkyň, raýatlaryň sagdyn geljegini üpjün etmekde örän möhümdir. Türkmenistanyň hormatly Prezidentine, Gahryman Arkadaga döredip beren mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn.