
Yhlas üstünliklere ýetirýär
Serdar PYGYÝEW,
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi — topar ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy:
— Biziň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyz Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Baş baýraga, şeýle hem ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz toparymyzyň agzalaryna Şa serpaýlaryny ýapdylar.
Meniň özüm çagalygymdan — 6 ýaşymdan bäri halkymyzyň gadymdan gelýän milli at üstündäki oýunlary bilen meşgullanyp gelýärin. «Yhlasa — myrat» diýleni. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen maňa «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakyldy. Muňa begenýärin, buýsanýaryn. Nesip bolsa, geljekde hem toparymyz bilen agzybir zähmet çekip, gazanan ýeňişlerimiz bilen Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýaryn. Biz atşynaslara şeýle ajaýyp mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Aman BÄŞIMOW,
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň türgeni, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy:
— Arzuwlaryň hasyl bolýan, yhlasyň ýerine düşýän ýurdunda ýaşamak, bagtyýar durmuşyň hözirini görmek bahasyz bagt. Biz muny ýurdumyzda türkmen bedewine goýulýan sarpadan, atşynaslara döredilýän mümkinçiliklerden aýdyň görýäris. Gahryman Arkadagymyzyň hemaýat-goldawy esasynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyz dünýäniň birnäçe ýurtlarynda üstünlikli çykyş edip, abraýly baýraklara mynasyp boldy. Dünýäde meşhurlyk gazandy. Ata Watanymyzyň abraýyna abraý goşdy. Ýaňy-ýakynda hem Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Baş baýraga, ýörite baýraklara eýe bolduk.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyzyň hemaýaty bilen biz atşynaslara döwrebap şertler hem-de mümkinçilikler döredilýär. Atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri gowulandyrylyp, zamanabap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilýär. Biz ýaşlara şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Atamyrat GÖLÄÝEW,
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň türgeni, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby:
— Gazanan üstünligiň Watanyň abraýyna abraý goşsa, ata-eneňi, dogan-garyndaş, dost-ýary begendirse oňa ýetesi zat ýok. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyz Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp boldy. Bu ajaýyp ýeňiş bilen halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Her bir ynsanyň ýeten üstünliginiň aňyrsynda ynam, yhlasyň barlygy özünden belli. Ýöne daşyndan hem goltgy, ruhy goldaw gerek. Biziň toparymyzyň bu gazanan ýeňşiniň aňyrsynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ynamy, yhlasy bar. Nesip bolsa, geljekde hem täze üstünlikleri gazanyp, Gahryman Arkadagymyzyň bize bildiren ynamyny ödäris. Uly mümkinçilikler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Milli Liderimize çäksiz alkyş aýdýaryn.

Aýlar BEBILOWA,
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň türgeni, Aşgabat şäherindäki 19-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy:
— Her bir adamyň ömründe ýatdan çykmajak şowly günleri bolýandyr. Bu ýagdaý mende-de boldy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna agza bolup, ilkinji gezek daşary ýurtda, has takygy, Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda çykyş etmek maňa-da nesip etdi. Ynamyň, güýjüň, yhlasyň bolan ýerinde çekilen azaplar ýerine düşýän eken. Dünýäde meşhurlyk gazanan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna 10 ýaşymda goşuldym. Şondan bäri hem bu toparyň her bir türgeni bilen agzybirlikde zähmet çekip gelýäris. Toparda baý tejribeleri bolan halypalarymyz özleriniň gymmatly maslahatlaryny berýärler. Monte-Karloda gazanan ýeňşimiz mynasybetli hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz bize Şa serpaýyny ýapdy. Bu bolsa bizi geljekde hem üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrdy.