TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaraly çäreler geçir...

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi

Şu gün tutuş ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden dabaralandyrylýan şanly sene — Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli giň möçberli çäreler guraldy. Şeýle giň gerimli çäreleriň biri hem Türkmen halysynyň milli muzeýinde geçirildi. 
Baýramçylyk çäreleri dünýä jemgyýetçiligini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilen sepgitler bilen tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňyn mümkinçilige öwrüldi. Bu gün Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň «Türkmen halysy — türkmeniň kalby» atly XXIII mejlisi hem geçiriler. 
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, çeper elli türkmen zenanlarynyň irginsiz zähmeti, müňýyllyklaryň dowamynda taplanan zehini bilen nesilden-nesle geçip, özüniň hiç bir halkyňka meňzemeýän milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen, gözelligi we nepisligi bilen meşhurlyk gazanan milli halyçylyk sungatymyz dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen ajaýyp sungat ýadygärligidir. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen nepis halylarymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr». 
Bu günki Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli guralýan baýramçylyklarda sergilendirilen türkmen halylary hem muny ýene bir ýola tassyklaýar.

2023-05-28190