TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Magtymguly we Gahryman Arkadag

Magtymguly we Gahryman Arkadag

Bagta sary uzap ýollar,
Aladalar ýatdan çykdy.
Yzda galdy ýowuz ýyllar.
 

Gussalary bagry kesen,
Ýitgileri ýeňip geçip,
Ýaşaýarys aman-esen.

 

Şahyryň ykbaly – biziň bagtymyz.
Pyragyň arzuwlan ajap döwründe
Asuda hem rahat geçýär wagtymyz.

 

Magtymguly!
Halkyň erkinligin öňünden gördi.
Parahat günlere gujagyn gerdi.

 

Gahryman Arkadag!
Baş bolup türkmen halkyna
Ilin ýetirýär bagtyna.

 

Magtymguly we Arkadag!
Olar ruhdaş, olar bile,
Baky hemra bir-birege.

 

Magtymguly we Arkadag!
Meňzeş olaň niýet-päli,
Arzuwlarnyň ýokdur çägi.

 

Mertligiň we bagtyň döwri,
Höküm sürsün parahatlyk!
Göge galksyn halkyň göwni.

 

Bitarap Diýarda bolsun ajap çag!
Goý, ýaşasyn Magtymguly Pyragy!
Goý, ýaşasyn Gahryman Arkadag!

 

Türkmen Sizi hiç unutmaz,
Halk Sizi ýatdan çykarmaz.
Siz baky ýaşarsyňyz!

 

Neda BERGER,
Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy.

2024-05-18202