TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Änew — baý taryhyň mirasdüşeri

Änew — baý taryhyň mirasdüşeri

«Gowy zatlaryň gürrüňini etmek hemmelerde gowy täsirleri galdyrýar. Gözel pikirler gözel düşünjeleri oýarýar. Ajaýyp söhbetleri köp diňledigiňçe, diňe ajaýyplyklar bilen gurşalýarsyň. Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň». Bu sözler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň baharynda halkymyza serpaý eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan dürdäneler. Hormatly Prezidentimiziň gowy zatlar hakdaky gözel pikirleri, ajaýyp söhbetleri ýerleşdirilen kitabyň ilkinji sahypalaryna aralaşan okyjynyň köňül köşgi bahar gülzarlygyna çalymdaş görkanalyga beslenýär. Sebäbi ol sahypalaryň bezegi — taryh hakyndaky, durmuş hakyndaky, geçmiş we geljek baradaky... parasat dürleri.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitaby — üstünde beýik-beýik ynsanlar ýaşan, döreden, guran gadymy Änew topragyna edebi, taryhy zyýarat. Bu kitap hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylda Ahal topragyna aýlanmagyndan galan täsirleriň netijesinde edilen uzak-uzak gözlegleriň miwesi. Ussatlaryň dünýäsine, gadymyýetiň gursagyna syýahatyň täsiriniň uly bolandygyna «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Geçmişiň syry galan toprak», «Watan hakyndaky müdimi owaz» ýaly bölümleriň sözbaşylarynyň owazlylygyndan hem göz ýetirmek bolýar. Ol täsir turuwbaşdan okyjynyň kalbyna-da aralaşýar. Şeýdip, okyjy «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» ýaly baplaryň içi bilen geçmişiň çuňluklaryna aralaşyp ugraýar. Ol çuňluklar durşuna hazyna. Bu barada awtoryň özi şeýle belleýär: «Dürli ýyllarda zähmet ýolunda toplan tejribelerim, öz ugrunyň ussady bolan halypalardan eşiden, öwrenen zatlarym, durmuş wakalaryna şahsy garaýyşlarym, atam Mälikguly aganyň beren öwüt-ündewleri, kakam Gahryman Arkadagymyzyň beýik taglymatlary esasynda kalbymda kemala gelip, boý alan mäkäm düşünjeler — bularyň ählisi gündeligime girizilen ýazgylarda öz beýanyny tapýar».
Gadymy Änewiň syrdan doly topragynyň, taryhyň gatyna siňip giden ýyllaryň, şol alyslyklarda galan Durdy bagşy, Zahydy, Ysmaýyl, Sahypjemal, Dosmämmet ýaly meşhur ynsanlaryň durmuşynyň entek-entekler öwrenilmelidigi, gadymy Gataryň — Bagabadyň — Änewiň dil açjak günleriniň öňdedigi baradaky pikirler bu kitaby eliňe alanyňdan seriňde orun alýar. Kitabyň her sahypasynda diýen ýaly öňüňden çykýan: «Dünýäniň iň uly genji-hazynalarynyň biri — pikir. Täze pikirler, täzeçe pikirlenmeler täze gözýetimleri açýar, täze mümkinçilikleri döredýär», «Magtymguly Pyragynyň döreden galkynyşy joşgunly tolkun kimin türkmen edebiýatynyň ösüşine täzeden güýç berdi», «Bir jemgyýetiň adamlardan emele gelşi ýaly, döwletlerem şäherlerden, şol şäherleri gülledip ösdürmäge zehin-yhlasyny siňdirýän ýaşaýjylardan kemala gelýär», «Taryh aýlanýar, ýöne hakydada galan ýazgylar edil gowy häsiýetleriň nesilden-nesle geçip, özüne baky ömür alşy ýaly, synman ýaşaýar», «Ahal ýaýlasynda ýerleşýän gadymy Änew şäheri iňňän baý taryhyň mirasdüşeridir» ýaly parasatly jümleleriň bolsa halkymyzyň diliniň senasyna öwrüljekdigi şübhesizdir.
Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasyndan döräp, geçmişe — halkymyzyň kalbyna ýol salýan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň höwri köp bolsun!

2024-03-29576