
Saňa at diýmerin, gardaş diýerin!
Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň dünýäde döwlet derejesinde ýeke-täk atçylyk sirki bolmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Atçylyk sirki gadymy sungat görnüşlerinden biri bolup, sahnalaryň aglaba bölegine atlar gatnaşýar. XVIII-XIX asyrlarda ol sirk sungatynyň esasy görnüşleriniň biri hasaplanypdyr. 2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň döredilmegi milli sirk sungatymyzyň ösmeginde we kämilleşdirilmeginde möhüm wakalaryň biri boldy. Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki at-owazasy dünýä dolan bu toparyň çykyşlarynyň esasy görkezilýän merkezidir.
Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki 3 gatdan ybarat bolup, onuň umumy meýdany 12 gektara barabardyr. Umumy meýdanyň 3750 inedördül metri atlar üçin gezim edilýän meýdança. Sirkiň esasy merkezi sirk çykyşlaryny görkezmek üçin niýetlenen diametri 13 metr tegelek meýdançadan ybarat bolup, ondan sirkiň ýokary nokadyna çenli aralyk 26 metrdir. Binanyň esasy aýratynlygy nal şekilini sypatlandyrýan äheňde ýerine ýetirilip, 42,8 metr beýiklikde bolmagydyr. Sirkiň içinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlardyr döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylandyr. Bu bolsa häzirki zaman atçylyk däpleriniň mynasyp dowam etdirilmeginde we oýunlaryň birkemsiz guralmagynda örän netijelidir.
Binanyň 1-nji gatynda 1500 adama niýetlenen tomaşaçylar zaly, garderob otagy, çykyş edilýän esasy we türgenleşik manežleri, grim otaglaryň 22-si, 70 orunlyk 2 sany kafeteriýa, 8 sany kassa otaglary, 3 sany lukmançylyk otaglary ýerleşdirilipdir. Haýwanlar üçin aşhana, saklaýyş otagy, hajathanalar we duş, tehniki, hyzmat ediş otaglary bar. Döwrebap binanyň 2-nji gatynda dolandyryş bölümi, arhiw, tans we gimnastika zallary, 24 adamlyk myhmanhana bölümi, orkestr we ses ýazgy, artistler toparlary üçin VIP otaglary bar.
Sirkde orkestr toparynyň bolmagy we olaryň halkymyzyň däp-dessurlary, durmuş ýörelgeleri, medeniýeti we sungaty bilen baglanyşykly ýerine ýetirýän eserleri, sazlary her bir tomaşanyň täsirli bolmagynda uly orny eýeleýär. Döwlet sirkiniň 3-nji gatynda muzeý, «Galkynyş», 100 orunlyk mejlisler otagy, türgenleşik zaly, kafe we fitobar, yşyklandyryş we ses ulgamyny dolandyryjy operator otagy, tehniki hyzmat ediş otaglary ýerleşýär.
Binanyň nolunjy gatynda 30 orunlyk athana, seýisler üçin otaglar, tikinçilik we aýakgap ussahanasy, inženerler üçin otaglar, weterinar bölümi, işgärler üçin niýetlenen 100 orunlyk naharhana, tehniki, hyzmat ediş otaglary hereket edýär. Ýokary derejeli tehnologiýalar bilen üpjün edilen Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň tomaşaçylara niýetlenen ýerleri 10 sany bölümçeden ybarat bolup, merkezi girelgesiniň sag we çep taraplaryndaky bölünen sektorlarda oňaýly şertler döredilendir. Şeýle-de binanyň daşynda atlar üçin gezim meýdançasynyň bolmagy behişdi bedewlerimize ýokary hilli ideg etmekde ähmiýetli bolup durýar.
Bulardan başga-da, merkezde kiberhowpsuzlyk, halkara hyzmatlary bölümleri bar, sirkiň döwrebap web saýty hereket edýär. Munuň özi häzirki döwrüň möhüm talaplaryndan biri bolan sanly ulgamy ornaşdyrmak, kämil tehnologiýalara düşünmek, kompýuter tehnikalaryna erk edip bilmek ýaly ugurlarda möhüm ädimdir. Sirkiň suratkeşi üçin ähli amatlyklary bolan ýörite otag bolmagy guralýan çykyşlaryň, geçirilýän türgenleşikleriňdir taýýarlyklaryň talabalaýyk derejede ýola goýulmagynda ähmiýetlidir.
Geçen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «akylly» şäherde geçirilen Medeniýet hepdeliginde Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde «Görogly» atly teatrlaşdyrylan sirk tomaşasy tomaşaçylara görkezildi. Bu teatrlaşdyrylan sirk tomaşasynyň sýužeti türkmeniň mifik gahrymany Göroglynyň dogluşy, öýlenişi barada bolup, ony Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleri bilelikde ýerine ýetirdiler.
Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň açylyp ulanmaga berlen ilkinji günlerinden täsin we täsirli tomaşalaryň yzygiderli geçirilmegi we olaryň uly gyzyklanma, şatlyk-şowhun bilen kabul edilmegi aýratyn buýsançlydyr.
Bu ýerde owadanlykda we nepislikde taýsyz behişdi bedewleriň üstünde oýun görkezmek sungaty aňrybaş çylşyrymly hereketler, kaşaň lybaslar we çuňňur duýgy, gujur-gaýrat, sungata bolan mizemez söýgi bilen ýugrulyp, her bir tomaşaçynyň aňynda öçmejek täsirleri, ajaýyp duýgulary galdyrýar.