TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Arkadag şäheri — häzirki zaman binagärliginiň nusgasy

Arkadag şäheri — häzirki zaman binagärliginiň nusgasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen gudratynyň aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen we häzirki zaman binagärlik tejribesiniň nusgasyna öwrülen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary görkezildi. Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyz täze şäherde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz alnyp barylýan gurluşyk işleri, aýratyn-da, Arkadag şäheriniň metjidiniň gurluşygynda ulanylýan serişdeleri synlap, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar toplumlarynyň çäklerinde oturdylmagy göz öňünde tutulýan şekiller, olaryň özboluşly aýratynlyklary barada hasabat berdiler.

Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilýän şekil taslamalary we «Ahalteke atlary» şaýolunyň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekiller, duralgalar, olaryň görnüşleri hem-de ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen içgin tanşyp, bu babatda özüniň degerli maslahatlaryny berdi. Şunda täze şäheriň çäklerinde ýerleşdiriljek heýkelleriň, beýleki desgalaryň gözelligi, ykjamlygy we Arkadag şäheriniň derejesine laýyk gelmegi möhüm talap hökmünde kesgitlenendir. Milli Liderimiz bu ýerde «Ahalteke atlary» şaýolunyň gurluşygy, onuň ýanýodalarynyň aýratynlyklary barada aýdyp, ýol ýakasynda oturdyljak bedewleriň şekilleriniň döwrebaplygyna zerur üns berilmelidigini belledi. «Ahalteke atlary» şaýolunyň ýakasy bilen çekiljek welosiped ýodasynyň we bedewler üçin niýetlenen ýodanyň talabalaýyk hem-de häzirki zaman görkezijilerine laýyk gelmeginiň wajypdygyny aýtdy. Şunda atly gezelenç üçin niýetlenen ýoda düşeljek çägäniň arassalygyna, hiline zerur üns berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde, şaýoluň ugrunda bedewler üçin dynç alyş bassyrmalarynyň we welosipedçilere niýetlenen duralgalaryň amatlylyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň ýokary derejede amala aşyrylmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalarda alnyp barylýan işleriň häzirki ýagdaýyna we gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça işleriň derejesine garaldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow, ilki bilen, ýakynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň wekilçilikli topary bilen Saud Arabystany Patyşalygynda saparda bolmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýtdy. Şeýle hem täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik we durmuş maksatly binalaryň gurluşyklary we olaryň dowamynda ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary, olaryň hil derejesi barada hasabat berdi.

Gahryman Arkadagymyz ägirt uly geljegi bolan täze şäheriň çäklerinde ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak meselelerine, aýratyn-da, gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeleriň berkligine, uzak möhletleýinligine we bezeg babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegine zerur üns bermegi tabşyrdy. Şunda binalaryň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.

Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde täze şäheriň ýokary amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleriniň talabalaýyk ýagdaýda dowam edýändigi barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde Arkadag şäherinde milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Gurban baýramy we Ylymlar güni ýaly şanly seneleriň hormatyna geçiriljek çäreleriň medeni maksatnamasynyň taýýarlanylandygy barada aýdyldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy hasabaty diňläp, Arkadag şäheriniň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini we bu işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede yzygiderli ýerine ýetirilmelidigini belläp, bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralarda Arkadag şäheriniň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň, şäher ilatynyň bagtyýar durmuşynyň we abadançylygynyň öz beýanyny tapmalydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda zerur tagallalaryň amala aşyrylmalydygyny aýtdy.

2025-06-0482