TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistan...

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň Alyhezretiňiz!

Russiýa Federasiýasynyň Stawropol ülkesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň adyndan Size çuňňur hormatymyzy beýan edýäris we Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Häzirki wagtda Türkmenistan halkara gatnaşyklarda möhüm orny eýeleýär we aýdyň geljegi gurýar. Şunda Siziň ägirt uly goşandyňyz bardyr. Munuň özi biziň her birimizde hoşallyk hem buýsanç duýgusyny döredýär. Soňky ýyllarda Siziň başlangyçlaryňyz bilen halkyň abadançylygyna, durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär, Türkmenistanyň dünýädäki abraýy barha artýar.

Halkara giňişlikde Türkmenistanyň bähbitlerini ilerletmäge gönükdirilen başlangyçlaryňyz, Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde ýaşaýan dostlukly halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmäge, içeri we daşary syýasatda möhüm çözgütleriň kabul edilmegine, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandyňyz, şeýle hem bütin dünýäde kowçum bolup ýaşaýan türkmenler hakynda edýän aladalaryňyz üçin Size görnükli döwlet işgäri hökmünde uly hormat-sarpa goýulýar.

Durmuşyňyzdaky bu şatlykly we möhüm günde Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny we jogapkärli işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş arzuw edýäris.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Rahman HAÇIROW,
«Stawropol ülkesiniň türkmenleriniň milli jemgyýeti» sebitleýin jemgyýetçilik guramasynyň başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Astrahan türkmenleriniň adyndan Sizi doglan günüňiz bilen gutlamaga rugsat ediň! Size tüýs ýürekden uzak ömür, ata-babalarymyzyň taryhy Watany bolan Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Astrahan oblastynda ýaşaýan türkmenler Size dünýä türkmenleriniň Lideri hökmünde uly hormat-sarpa goýýarlar. Siziň ähli ildeşlerimiz, şol sanda özüniň taryhy Watanyndan alysda ýaşaýan ildeşlerimiz barada edýän atalyk aladalaryňyz bizi ruhlandyrýar we agzybirligimizi has-da pugtalandyrýar.

Hormatly türkmen halkynyň Milli Lideri!

Biz — astrahanly türkmenler, Siziň sowgadyňyzy — Astrahan oblastynyň Funtowo obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky ajaýyp mekdebiň açylmagyny aýratyn ýakymly duýgular bilen ýatlaýarys. Siziň bu gymmatly sowgadyňyz netijesinde biziň çagalarymyz ýokary hilli bilim almaga, halkymyzyň taryhyny we medeniýetini öwrenmäge, ene dilini aýap saklamaga mümkinçilik aldylar. Ene-atalar çagalarynyň geljegine ynamly garaýarlar, çünki mekdebiň döwrebap infrastrukturasy okuwçylaryň zehinlerini hemmetaraplaýyn ösdürmäge şert döredýär, döredijilik, sport bilen meşgullanmak üçin amatly gurşawy emele getirýär. Şeýle asylly işleriňiz we aladalaryňyz üçin Beýik Biribardan Size ähli gowulyklary dileýäris.

Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty, Russiýa bilen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, Siziň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen ýakyn gatnaşyklaryňyz halkymyzyň milli özboluşlylygyny, medeni mirasyny gorap saklamak üçin ajaýyp mümkinçilikleri açýar. Ene dilimizi öwrenmek, medeni däplerimizi gorap saklamak, Türkmenistanda bolup geçýän wakalar we gazanylýan üstünlikler barada anyk maglumat almak mümkinçiligi taryhy Watanymyza bolan buýsanjymyzy artdyrýar.

Biz Türkmenistanyň beýleki döwletlerde bolup geçýän kynçylykly pursatlarda ýardam berýändigine guwanýarys. Ata Watanymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, beýleki ýurtlarda bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlar, tebigy betbagtçylyklar bilen baglylykda, ynsanperwerlik kömeklerini berýär.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siz — asylly işleri durmuşa geçirýän beýik döwlet işgäri. Şeýle uly işleriňiz üçin Size iň gowy arzuwlarymyzy beýan edýäris. Taryhy Watanymyz Türkmenistana gülläp ösüş, Size bolsa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde alyp barýan işleriňizde üstünlikleri arzuw edýäris.

Çuňňur hormatlamak we iň gowy arzuwlar bilen,

Fauziýa KADYROWA,
«Türkmenistan» atly türkmen medeniýetini gorap saklamak we ösdürmek boýunça Astrahan sebitleýin jemgyýetçilik guramasynyň Geňeşiniň başlygy.guramasynyň Geňeşiniň başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly türkmen halkynyň Milli Lideri!

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi doglan günüňiz bilen mähirli gutlamaga rugsat ediň! 17 ýylyň dowamynda Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň ähli başlangyçlaryny goldaýandygyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

Siz görnükli döwlet işgärisiňiz. Siziň öňdengörüjilikli syýasatyňyz Türkmenistanyň abadançylygynyň bähbidine hyzmat edýär. Siziň parasatly başlangyçlaryňyz bilen ýurduňyz durnukly ösüşiň, parahatçylygyň we sazlaşygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Siziň binýadyny goýan parahatçylyk söýüjilikli we oýlanyşykly daşary syýasatyňyz netijesinde Türkmenistan köp döwletler, şol sanda Awstriýa bilen halkara gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýar we giňeldýär.

Bu şanly günde tüýs ýürekden gutlaglarymy we Size berk jan saglyk, rowaçlyk hem-de türkmen halkyna mundan beýläk-de abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýene-de bir gezek beýan edýärin.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gutlag hatymy “Arkadag şäheri we Gahryman Arkadag” atly täze goşgym bilen jemlemäge rugsat ediň!

Ak şäher Arkadag,
Biz seniň iki ýyllygyňy belleýäris!

Seniň Gahrymanyň — Arkadag!
Onuň pähim-paýhasy we güýç-kuwwaty!

Seniň Gahrymanyň — Arkadag!
Ol saňa durmuş berýär,
Ol seniň üçin yhlas edýär.

Arkadag şäheri — bu seniň Gahrymanyň — Arkadag!
Siziň kalbyňyz bile urýar,
Siz hemişe bilesiňiz!
Gahryman Arkadag,
goý, Allatagala Sizi öz penasynda aman saklasyn!
Arkadag şäheri —
goý, Allatagala seni öz penasynda aman saklasyn!
Goý, Allatagala Siziň ikiňizi hem öz penasynda aman saklasyn!
Doglan günüňiz gutly bolsun!
 

Iň gowy arzuwlar bilen,

Neda BERGER,
Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy.

2025-06-2921