TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistan...

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Ýokary döwlet wezipelerinde işlän ýyllaryňyzda Siz watandaşlaryňyzyň uly hormat-sarpasyna, daşary ýurtlarda ägirt uly abraýa eýe bolduňyz. Siziň rus-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşandyňyz örän uludyr. Bu gatnaşyklaryň biziň dostlukly halklarymyzyň abadançylygynyň hem-de sebit durnuklylygyny, howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de netijeli ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk we üstünlik arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Wladimir Putin,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Gadyrly doganym!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk dileýärin.

Türkmenistan bilen dilimiziň, dinimiziň, medeniýetimiziň umumylygyna esaslanýan gatnaşyklarymyzyň netijeli ösdürilýändigine kanagatlanma bildirýärin. Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de ähli ugurlarda pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.

Gadyrly doganym, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, türkmen halkyna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin!

Rejep Taýyp Ärdogan,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gadyrly dostum!

Doglan günüňiz mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlamaga hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge örän şatdyryn.

Bu gün Sizi türkmen halkynyň wepaly we ynsanperwer ogly, parasatly ýolbaşçysy, döwrümiziň belli döwlet ýolbaşçysy, uly abraýa eýe bolan syýasatçy hökmünde tanaýarys hem-de Size uly hormat goýýarys. Ýolbaşçy hökmünde toplan köpýyllyk baý tejribäňiz, öňdengörüjilikli parasatly syýasatyňyz we strategiýaňyz netijesinde gadymdan bäri ýakyn dost hem-de hoşniýetli goňşy döwlet bolan Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýy yzygiderli artýar.

Siziň döredijilikli tagallalaryňyz bilen Türkmenistanda amala aşyrylan giň gerimli özgertmeleriň häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli dowam etdirilýändigini uly buýsanç bilen bellemek isleýärin. Öňden gelýän dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk esasynda ýaşap gelýän halklarymyzyň arasyndaky özara ynanyşmak, birek-biregi goldamak ýörelgeleriniň soňky ýyllarda barha rowaçlanýandygyna tüýs ýürekden guwanýarys.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Ýakynda gadymy Samarkant şäherine amala aşyran taryhy saparyňyz we gazanylan ylalaşyklar döwletlerimiziň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň täze derejä çykmagyna ýardam etdi. Bu saparyňyz syýasy gatnaşyklarymyzy has-da ösdürmek bilen birlikde, söwda, senagat, ulag, energetika, suw hojalygy, ylym, tehnologiýa, medeniýet ýaly möhüm ulgamlarda uzak möhletli hyzmatdaşlygymyzy has-da ilerletmekde uly ähmiýete eýe boldy. Dostluk we açyklyk ruhundaky gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ynanýaryn.

Durmuşyňyzdaky şeýle şatlykly we ýatdan çykmajak günde Siziň Alyhezretiňize hem-de ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, türkmen halkynyň abadançylygy ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, ösüş arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Türkmenistanyň döwletliligi pugtalandyrmakda, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde gazanýan uly üstünlikleri hem-de halkara giňişlikdäki belent abraýy Siziň adyňyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr hem-de Siziň ýurdy ösdürmek babatdaky strategik ugruňyzyň aýdyň netijesidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri hökmünde alyp barýan döredijilikli işiňiziň mundan beýläk-de kuwwatly we gülläp ösýän Türkmenistany gurmak baradaky asylly maksatlara hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Gazagystanda biziň doganlyk halklarymyzyň arasyndaky dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taryhy goşant goşan ajaýyp döwlet işgäri hökmünde Size uly hormat goýýarlar. Biziň bilelikdäki tagallalarymyzyň gazanan üstünliklerimizi has-da artdyrmaga hem-de gazak-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny täze belentliklere çykarmaga mümkinçilik berjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, şu dabaraly günde Size egsilmez güýç-kuwwat, maşgala abadançylygyny hem-de doganlyk Türkmenistanyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart Tokaýew,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Siz belli döwlet işgäri hökmünde doganlyk Türkmenistanda hem-de onuň çäklerinden daşarda uly abraýa we hormat-sarpa mynasyp bolduňyz.

Täjigistanda täjik-türkmen dostluk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek meselelerine aýratyn üns berýändigiňize ýokary baha berilýär. Häzirki wagtda biziň umumy tagallalarymyz netijesinde döwletara gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlyk esasynda yzygiderli ösdürilýändigini bellemek ýakymlydyr. Iki halkyň taryhy ýakynlygy bu hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär. Bu işleri netijeli ilerletmek babatda bilelikdäki tagallalary dowam etdirmek ugrunda çykyş edýäris.

Gadyrly doganym, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de dostlukly Türkmenistanyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde täze üstünlikler baradaky arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň döwleti dolandyrmakdaky ägirt uly tejribäňiz, öňdengörüjilikli syýasatyňyz we ýokary şahsy häsiýetleriňiz Türkmenistanyň durnukly ösmegine ýardam etdi hem-de halkara giňişlikde Size uly abraý, hormat-sarpa getirdi.

Dostluk we özara düşünişmek esasynda Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde Siziň şahsy goşandyňyzy aýratyn nygtamak isleýärin. Siziň şu ýylyň aprel aýynda Gyrgyz Respublikasyna amala aşyran saparyňyzy we duşuşyklarymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, uzak ömür hem-de jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw edýärin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Sadyr Žaparow,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Siziň parasatly syýasatyňyzyň netijesinde doganlyk Türkmenistan durmuş-ykdysady taýdan ösýän döwlete öwrüldi. Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine berýän goldawyňyza ýokary baha berýäris. Men Siziň bilen geçiren duşuşyklarymyzy iň ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Umumy taryha, dile, medeniýete eýe bolan halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlugyň, strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham Aliýew,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň baý syýasy tejribäňiz, taýsyz tagallalaryňyz, maksada okgunlylygyňyz häzirki türkmen döwletiniň kuwwatyny açyp görkezmäge, onuň dünýä giňişliginde mynasyp orun eýelemegine ýardam etdi. Biz Türkmenistan bilen köpýyllyk dostlukly gatnaşyklarymyza uly sarpa goýýarys, ony mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýarys.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk we egsilmez güýç-gaýrat arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Aleksandr Lukaşenko,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Doglan günüňiz mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn. Siziň baý durmuş tejribäňiziň hem-de döwlet işgäri hökmündäki parasatly başlangyçlaryňyzyň Türkmenistanyň mundan beýläk-de durnukly ösmegine we türkmen halkynyň abadançylygyny üpjün etmäge hyzmat etjekdigine ynanýaryn. Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, üstünlik, ähli gowulyklary arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Waagn Haçaturýan,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan döwründen bäri Koreýa Respublikasynyň we Türkmenistanyň dostlukly gatnaşyklary, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürendigini bellemek meniň üçin ýakymlydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň dekabrynda ýurduňyzda guraljak halkara maslahatyň üstünlikli geçirilmegini arzuw edýärin.

Merkezi Aziýada esasy hyzmatdaşymyz bolup durýan Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine umyt edýäris.

Size berk jan saglyk, Türkmenistana rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Li Çže Mýon,
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli gutlaglarymy we Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Ýurduňyzyň gülläp ösmeginiň we türkmen halkynyň abadan durmuşynyň bähbidine gönükdirilen giň gerimli işleriňiz diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, onuň çäginden has alyslarda hem Size uly abraý getirdi.

Türkmenistan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça, şol sanda sebitara derejede Russiýa Federasiýasynyň strategik hyzmatdaşydyr. Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasynda özara bähbitli köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmaga berýän goldawyňyz ýokary baha mynasypdyr.

Size berk jan saglyk, rowaçlyk, ähli başlangyçlaryňyzda üstünlikleri arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Igor BABUŞKIN,
Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.

* * *

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy we tüýs ýürekden arzuwlarymy beýan edýärin.

Beýik Biribardan Size berk jan saglyk, uzak we bagtyýar ömür, Türkmenistanyň doganlyk halkynyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen beýik başlangyçlaryňyzda uly üstünlikleri dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani,
Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy.

* * *

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň halkyňyza gulluk etmekdäki köpýyllyk hyzmatyňyz, abraýyňyz we pähim-paýhasyňyz çuňňur hormata mynasypdyr.

Size tüýs ýürekden berk jan saglyk we alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Armen Sarkisýan,
Ermenistan Respublikasynyň dördünji Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Size berk jan saglyk we Türkmenistanyň dostlukly halkynyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen jogapkärli işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Ermenistan Respublikasy Türkmenistan bilen dostluga we özara düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berýär. Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatlamak bilen,

Nikol Paşinýan,
Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

2025-06-2959