«Akylly» şäheriň güwänamalary
Gysga wagtda gurlan Arkadag şäheri gysga wagtyň içinde 40-a golaý güwänama mynasyp bolmagy başaran şäherdir.
1 sany güwänama — 2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda ÝHHG-niň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänama gowşuryldy.
21 sany güwänama — 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli dünýäniň iri guramalary hem-de meşhur kompaniýalary tarapyndan berlen halkara güwänamalar we diplomlardyr.
1 sany güwänama — 2024-nji ýylyň 29-njy iýunynda Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli we bu şähere bolan buýsanjyň nyşany hökmünde asmandaky ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýlandygy baradaky güwänama.
3 sany güwänama — 2024-nji ýylyň sentýabrynda Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo 2024» atly halkara sergide «Iň tapawutlanan «akylly» şäher» (Smart City Excellence Award), «Daşary ýurt «akylly» şäheri» (Foreign city award), «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» (WSCE 2024 Contribution Award) baýraklaryna mynasyp boldy.
1 sany güwänama — 2024-nji ýylyň dekabrynda Arkadag şäheri Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp boldy.
9 sany güwänama — 2024-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Arkadag şäheriniň häkimliginde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilen «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, «akylly» we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri hem-de kompaniýalary tarapyndan «akylly» şähere berlen şahadatnamalar gowşuryldy.
1 sany güwänama — 2025-nji ýylyň 13-nji martynda Arkadag şäherine Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň ekologik taýdan arassalygyny alamatlandyrýan Üstünlik güwänamasy gowşuryldy. Munuň özi şäheriň ekologik derejesi boýunça halkara giňişlikde ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.