TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Arkadagly topar taryhy ýeňişler bilen

Arkadagly topar taryhy ýeňişler bilen

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öz eserlerinde nygtaýşy ýaly, taryh bitirilen beýik işler bilen ýazylýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda AFK-nyň Çagyryş ligasynyň kubogyna mynasyp bolan «Arkadag» futbol topary hem özüniň şanly taryhynyň täze sahypalaryny ýazýar.

2023-nji ýylda döredilen «Arkadag» toparynyň gysga wagtyň dowamynda dürli ugurdaky ýaryşlaryň 7-sinde ýeňiş gazanandygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Döredilen ýyly ýurdumyzyň futbol çempionatyndaky ýeňşiniň üstüni Kubok bäsleşigindäki üstünligi bilen ýetiren toparyň 2024-nji ýyldaky çykyşy futbol çempionatymyzdyr Kubok bäsleşigindäki ýeňişleri bilen birlikde, Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşykda oňyn netije getiripdi. Şu ýylyň başynda bolsa Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan möwsüme taýýarlyk maksady bilen geçirilen Federasiýa kubogynda görkezen ýokary derejeli oýny «Arkadag» toparyna nobatdaky ýeňşini eçildi. Arkadag şäheriniň adybir topary türkmen futbolynyň halkara giňişlikdäki iň uly üstünlikleriniň birine bolsa Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mynasyp bolmagy başardy. Gatnaşýan islendik ýaryşynda diňe ýeňiş gazanmagy esasy maksat edinýän «Arkadag» topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň finalynda Kambojanyň dört gezek çempiony «Preah Khan Reach Svay Rieng» toparyny ýeňlişe sezewar edip, gysga döwrüň içinde taryhy netije gazandy. 10-njy maýda Kambojanyň paýtagty Pnompen şäheriniň 75 müň tomaşaça niýetlenen «Morodok Techo» stadionynda geçirilen duşuşykdan soň, toparyň oýunçylary yklym derejeli abraýly ýaryşyň kubogyny ýokary göterdi. Mundan başga-da, «Arkadagyň» oýunçylarynyň ýaryşdaky üstünlikli oýunlary üçin şahsy baýraklaryň hem birnäçesine mynasyp görlendigi bellärliklidir. Hususan-da, toparyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew 5 gol bilen ýaryşyň «Iň netijeli oýunçysy» diýen baýraga mynasyp boldy. Toparymyzyň ýene bir oýunçysy Şanazar Tirkişow bolsa AFK-nyň Çagyryş ligasynyň «Iň gowy oýunçysy» hökmünde ykrar edildi.

Bu ýeňiş bilen «Arkadag» topary taryha girdi. Halkara ýaryşlara çykan ilkinji ýylynda ilkinji gezek geçirilýän bu ýaryşyň ilkinji çempiony bolmagy örän uly üstünlikdir. Ol çempionlygyň milli çempionatymyzyň beýleki toparlaryna AFK-nyň ýaryşlaryna gatnaşmaga şert döredýänligi bolsa ýeňşiň has-da ähmiýetini artdyrýar. «Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagynyň hormatyna «akylly» şäherde dabaraly çäreler geçirildi.

2025-06-2920