TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Onuň Alyhezreti,türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň...

Onuň Alyhezreti,türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz bilen gutlaýaryn.

Dostluk we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan russiýa-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda Siziň uly şahsy goşandyňyzy bellemek isleýärin. Söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Energetikada, senagatda, ulag düzüminde we beýleki ulgamlarda bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär.

Hökümetleriň ugry boýunça netijeli işleriň özara gatnaşyklaryň ähli toplumynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn. Munuň özi Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň uzak möhletli hyzmatdaşlygyna doly laýyk gelýär.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk we jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Mihail Mişustin,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti,türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Türkmenistanyň rowaçlygy we halkara giňişlikde onuň bähbitlerini goramak ugrundaky köpýyllyk we tutanýerli zähmetiňiz Size ýurduňyzda hem-de onuň çäklerinden daşarda uly abraý getirdi.

Russiýada dostluk, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyňyza, şeýle hem Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmäge saldamly goşandyňyza ýokary baha berilýär.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk we jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Dmitriý Medwedew,
Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary.

* * *

Onuň Alyhezreti,türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň adyndan we hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siz Türkmenistan we onuň halky üçin köp işleri amala aşyran tejribeli hem-de öňdengörüjilikli syýasatçy hökmünde Watanyňyzda hem-de daşary ýurtlarda uly abraýa mynasyp bolduňyz.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge şahsy goşandyňyz örän uludyr. Döwletlerimiziň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklara ýokary baha berýärin. Russiýa-türkmen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we möhüm halkara meseleleri çözmek boýunça bilelikdäki işiň dowam etdirilmegine umyt edýärin.

Parlamentara dialogy yzygiderli goldaýandygyňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin. Özara gatnaşyklaryň bu möhüm formatynyň Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin netijeli gural boljakdygyna ynanýaryn.

Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Walentina Matwiýenko,
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Dogan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Jogapkärli döwlet işiňizde hem-de türkmen halky üçin uly ähmiýete eýe bolan taslamalary durmuşa geçirmekde ähli bilimiňizi, tejribäňizi, güýç-gaýratyňyzy gaýgyrman, Watanyňyza ýadawsyz hyzmat edip, hakyky Milli Lider hökmünde belent abraýyňyzy tassyklaýarsyňyz. Köptaraply işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň abadançylygynyň bähbidine täze uly maksatlara ýetmekde egsilmez güýç-gaýrat arzuw edýärin.

Tatarystana berýän uly ünsüňiz, halklarymyzyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işindäki asylly başlangyçlary goldaýandygyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Russiýa-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi hökmünde Tatarystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary ösdürmek babatda geljekde hem bilelikde tagalla etmegimize bil baglaýaryn.

Size we ýakynlaryňyza berk jan saglyk we bagtyýarlyk arzuw edýärin.

Rustam Minnihanow,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany.

* * *

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Türkmenistana mundan beýläk-de okgunly ösüş we Siziň halkyňyzyň asylly maksatlara ýetmegini arzuw edýärin.

Ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan dostlugyň we hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Köpýyllyk dostlukly gatnaşyklarymyza aýratyn sarpa goýýaryn we Siziň bilen duşuşyklarymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, şu ýakymly pursatda Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de Siziň asylly başlangyçlaryňyzda üstünlikleri arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Nursultan Nazarbaýew,
Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň adyndan doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Arkalaşygyň parlamentarileri Sizi ajaýyp döwlet işgäri hökmünde tanaýarlar. Siz halkara gatnaşyklaryny, şol sanda GDA-nyň giňişliginde parlament hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly goşant goşduňyz. Siziň baý tejribäňiz we işe jogapkärli çemeleşmäňiz mundan beýläk-de Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam eder.

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size we ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Dmitriý Kobiskiý,
GDA-nyň Parlamentara assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary.

* * *

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sankt-Peterburgyň Hökümetiniň adyndan doglan günüňiz bilen gutlaýaryn. Siziň ýolbaşçylyk zehiniňiz, öňde goýlan wezipeleri çözmäge oýlanyşykly çemeleşmegiňiz çuňňur hormata mynasypdyr.

Siz Watana wepaly hyzmat etmegiň nusgasyny görkezýärsiňiz. Türkmenistanyň abadançylygynyň bähbidine zähmet çeken ýyllaryňyzyň dowamynda ykdysadyýeti, oba hojalygyny we senagat önümçiligini, ylmy, bilimi we saglygy goraýşy ösdürmegiň binýadyny goýduňyz, milli medeni-taryhy mirasy aýawly saklamaga hem-de artdyrmaga saldamly goşant goşduňyz.

Sankt-Peterburgda Türkmenistan bilen özara ynanyşmak ýagdaýyndaky dialoga uly sarpa goýulýar. Biz köpugurly strategik hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyrys.

Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Aleksandr Beglow,
Sankt-Peterburgyň gubernatory.

2025-06-2922