
Sagdynlyga sarpa
3-nji iýunda Arkadag şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimliginiň işgärleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, mugallymlardyr talyplar gatnaşdylar. Uly ruhubelentlige beslenen bu dabaraly ýöriş oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş şäheriň günorta tarapyndaky «Polatly» binasyndan badalga aldy. Bu ýerde medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlaryna giň orun berildi. Dabarada ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde kämillige ýeten türkmen sportunyň we ýurdumyzda adam saglygy bilen bagly alnyp barylýan beýik işleriň waspy ýetirildi.
Häzirki wagtda bütin dünýäde sporta berilýän üns barha ýokarlanýar. Sportuň ähli görnüşleri boýunça dürli bäsleşikler geçirilip, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek işi yzygiderli artdyrylýar. Diýarymyzyň ähli künjeginde döwrebap sport desgalary gurlup ulanmaga berilýär. Sebitde ýeke-täk «akylly» şäherde hem birnäçe iri sport desgalaryň hereket etmegi buýsandyryjydyr. Şeýle döwrebap desgalarda sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik geçmäge ähli amatly şertler we mümkinçilikler bar. Ýurdumyzda adam saglygyny gorap saklamak, berk bedenli, sagdyn nesli kemala getirmek boýunça birnäçe işler amala aşyrylýar. Köçelerdir şaýollaryň gyrasynda ýörite welosipedliler üçin ýodajygyň bolmagy bu ugurda amala aşyrylýan işlere aýdyň mysaldyr.
Ýeri gelende belläp geçsek, ata Watanymyz Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde degişli Rezolýusiýa kabul edilipdi. Şeýle hem 56 döwlet Bütindünýä welosiped güni baradaky Rezolýusiýanyň awtordaşy bolupdy. Şeýlelik bilen, «3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen BMG-niň senenamasynda bu senäniň peýda bolmagy ýurdumyzda bedenterbiýäniň, sportuň hem-de ekologiýa medeniýetiniň has-da kämilleşýändiginiň, oňa möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Biri-biri bilen berk baglanyşygy bolan saglyk, sport, ekologiýa düşünjeleri bir bitewüligi emele getirýär. Her ýylda halkara derejede bellenilýän Bütindünýä welosiped gününiň esasy maksady bolsa, ýurdumyzda hem-de dünýäde sagdyn jemgyýeti kemala getirmekden, ynsan durmuşynyň baş baýlygy bolan adamyň saglygyny, ekologiýa abadançylygyny gorap saklamakdan ybaratdyr.
Welosiped sürmek bilen yzygiderli meşgullanmak, türgenleşik işlerini geçmek adamyň saglygyna we özüni duýşuna gowy täsir edýär. Kesellere garşy durnuklylygy pugtalandyryp, gurbata getirýär, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk ýaly häsiýetleri kemala getirip, özüňe bolan ynamyň artmagyna ýardam edýär. Munuň özi adamlara öz mümkinçiliklerini doly açyp görkezmegi we durmuşa geçirmegi üçin peýdalydyr. Mundan başga-da, welosiped ähli ulaglaryň içinde ekologiýa taýdan arassa diýlip saýlandy we dünýäde ykrar edildi. Galyberse-de, welosipedli gezelenç etmek, maşgalada we jemgyýetde wagtyňy bisarpa geçirmezlik üçin mümkinçilikdir. Çünki welosipedli gezelenç edilende adam bedeniniň möwsümleýin we beýleki kesellere garşy göreşmäge ukyplylygy ýokarlanýar.
Bütindünýä welosiped gününde geçirilen welosipedli ýörişe gatnaşanlarda ýol ugrundaky medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary uly ruhubelentlik döretdi. Onda ýerine ýetirilen aýdymlarda ata Watanymyz Türkmenistanda parahatçylyk söýüjiligi, sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde döwlet we halkara derejede alnyp barylýan işler, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen dünýäde dabaralanýan türkmen sportunyň waspy beýan edildi. Türkmen türgenleriniň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan çykyşlary görkezildi. Şeýle-de şol gün «akylly» şäheriň «Arkadag» stadionynda mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň stol tennisi görnüşi boýunça ýoldaşlyk duşuşygy hem-de Köpugurly sport toplumynda şäheriň ýaş türgenleriniň gatnaşmagynda sportuň karate-do, sambo görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary geçirildi. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Arkadag şäherindäki ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň arasynda sportuň woleýbol, basketbol, ýeňil atletika görnüşleri boýunça geçirilen ýoldaşlyk duşuşyklary baýramçylyk gününe bagyşlandy.
Welosipedli ýöriş Arkadag şäheriniň häkimliginiň öňündäki pellehanada tamamlandy. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen bu welosipedli ýöriş ýurdumyzda, şol sanda «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň barha rowaçlanýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.