TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Sowgadyňyz üçin sag boluň, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly G...

Sowgadyňyz üçin sag boluň, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
— Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, kämil, ylymly-bilimli, sagdyn ruhly ýaş nesli kemala getirmek ugrunda netijeli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan çagalaryň we ýetginjekleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda nusgalyk işler alnyp barylýar.

 

Güneşli tomus paslynyň ilkinji gününde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen aýdym-sazly dabaralar, medeni çäreler halkymyzyň durmuşynda hem-de şadyýan körpelerimiziň kalbynda Garaşsyz Diýarymyza buýsanç döretdi.

Baýramçylyk mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan hem-de inklýuziw toparly bakja-bagynda terbiýelenýän körpe nesillere Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Oňa merkezde zähmet çekýän işgärler, terbiýeçiler, lukmanlar hem-de jemgyýetçilik we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, merkezde terbiýelenýän we bejergi alýan çagalar gatnaşdylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň inklýuziw toparly çagalar bakja-bagynda hem ýaş nesle milli terbiýe bermekde birnäçe işler amala aşyrylýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa merkeziň çagalar bakja-bagyna gelip, bu ýerdäki alnyp barylýan işiň guralyşy hem-de çagalara berilýän bilimiň, terbiýäniň hili bilen gyzyklanyp durýar. O.Atabaýewa çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpelerimiz bilen ýakyn aragatnaşykda bolup, çagalaryň dünýäsine degişli ajaýyp eserleri okap bermegi bolsa bizi diýseň begendirdi. Bu ýerde zähmet çekýän terbiýeçilerimiziň öz saýlan hünärleri boýunça has-da kämilleşmekleri üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň görkezýän göreldesi nusgalykdyr.

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan iberilen toý sowgatlaryny dabara gatnaşýan myhmanlar uly ruhubelentlik bilen çagalara gowşurdy. Baýramçylyk sowgatlaryny alan körpe nesiller öz taýýarlan çykyşlaryny görkezdiler. Inklýuziw toparly çagalar bakja-bagynyň «Arkadag nesilleri» atly aýdym-saz toparynyň körpeleri alkyşnama goşgusyny ýerine ýetirdiler. Onda Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işlerine bolan alkyş sözleri beýan edildi. Soňra merkeziň gyzlardan düzülen tans topary «Gurjak», «Ary» hem-de «Sport» tanslaryny ýerine ýetirdiler. «Kiçijik başarjaň otly» ertekisi esasynda sahna oýny görkezildi. Çagalar sowgatlar üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize sagbolsunlaryny aýtdylar.

Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda ýaş türkmenistanlylar üçin döredilýän döwrebap şertleriň we mümkinçilikleriň juda gymmatlydygyny bellediler. Şunuň bilen bagly ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň dünýäde giňden dabaralanýandygyny aýratyn nygtadylar. Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

2025-06-04309