«Güneşli» — ýurduň ýaş nesillerine
Hormatly Prezidentimiz: «Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, Diýarymyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys» diýip, aýratyn belläp geçýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ajaýyp jümlesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan ägirt uly işlerde, ýagny çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatda mümkinçilikleriň gerimini giňeltmekde, döwrebap şertleri döretmekde we dünýä giňişliginde ählumumy tagallalary birleşdirmekde çelgi bolup hyzmat edýär. Bu babatda «Ähli zat — çagalar üçin» diýen ýörelgeden ugur alynýar. Çagalary goramagyň halkara gününe gabatlanyp, paýtagtymyzyň gözel künjeginde «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbüniň tutulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Kämil sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryljak döwrebap merkez çagalaryň aýratyn ukyp-başarnyklarynyň, ýiti zehinleriniň ýüze çykarylmagy, saýlap alan ugurlary boýunça kämilleşmekleri, olaryň döredijilige ruhlandyrylmagy, wagtlaryny şadyýan we netijeli geçirmeklerini gazanmak, şahsyýet taýdan kämilleşmeklerine goldaw bermek babatda ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolar.
Güneşli Diýarymyzyň gül-gunçalary bolan bagtyýar çagalaryň köptaraply zehinlerini, aýratyn ukyp-başarnyklaryny açyp görkezýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Merdana nesil», «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşikleriň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Şeýle hem aýratyn zehinli çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň yglan edýän Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylýandygyny hem aýratyn nygtamak zerur. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan çagalaryň diňe bir döwrebap terbiýelenmegi we sagdyn bolup ýetişmekleri üçin däl, eýsem, olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, dünýägaraýşyny giňeltmek, döredijilik zehinlerini ösdürmek babatda hem nusgalyk işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän gaznanyň howandarlyk etmeginde geçen ýyl «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça bäsleşiginiň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly döredijilik bäsleşiginiň geçirilmegi sözümize aýdyň delildir. «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkezinde zehinli çagalaryň medeniýet, sungat, çeper döredijilik ukyplaryny ösdürmek üçin ähli döwrebap mümkinçilikleriň göz öňünde tutulýandygy bizi has-da buýsandyrýar.
«Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň çäginde gaznanyň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hem bina ediljekdigi halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Kitaphananyň şekil taslamasyny synlap, onuň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyryljakdygy hakynda pikir edeniňde, Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabyndan: «Kitabyň okalýan ýerinde, ynamyň bar ýerinde sagdyn düşünjeli nesil kemala gelýär, maksatlary amala aşyrmaga uly mümkinçilik döreýär, giň gapy açylýar, ýurt binasy berkeýär» diýen jaýdar jümleler hakydaňa gelýär. Şeýle hem Milli Liderimiziň: «Biz kitaphon jemgyýeti kemala getirmelidiris» diýen çuň manyly sözüniň aýdyň durmuşa geçirilýändigi hakynda oýlanýarsyň, ajaýyp döwrümizde ýaş nesliň medeni-aň taýdan ösüşiniň täze sepgidine badalga berilýändigine buýsanýarsyň.
Döwrebap sanly tehnologiýalardyr enjamlar bilen üpjün ediljek kitaphanada teleskop arkaly asman giňişligini synlamaga niýetlenen obserwatoriýa otagynyň gurnaljakdygy ýaş nesillerimiziň dürli gyzyklanmalarynyň kanagatlandyrylmagyna, ählitaraplaýyn sowatlylyk derejesiniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gözel paýtagtymyzda guruljak «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkezi ýurdumyzda halkymyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna çagalary goramagy, goldamagy öňe sürýän döwlet syýasatynyň dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsidir. «Çagalar barada alada» diýmek örän çuň we giň mazmuna eýe düşünjedir. Täze taryhy döwürde çagalar baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup, ol dünýäniň parahatçylygyny, abadan ýaşaýşyny, bagtyýar durmuşyny, maşgala agzybirligini we bitewüligini, arassa tebigy gurşawyny, ýaş nesliň saglygyny, ruhy-ahlak, akyl, zehin taýdan ygtybarly ösüşine gönükdirilen döwrebap bilim-terbiýe ulgamyny üpjün etmek we beýleki mümkinçilikleri döredip bermek ýaly ynsanperwer maksatlary öz içine alýar. Şeýle hem çagalaryň we ýetginjekleriň şahsyýet taýdan ösüşini goldaýan mümkinçilikleri we tagallalary işjeňleşdirmek hem olar hakda edilýän aladalaryň esasy bölegidir. Bu aladalaryň düýp özeninde Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer taglymatlary aýdyň şöhlelenýär.